Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Ýewrowideniýede Russiýa wekiline gadagançylyk girizdi


Ýuliýa Samoýlowa
Ýuliýa Samoýlowa

Ukrainanyň döwlet howpsyzlyk agentligi Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde, Russiýa wekilçilik etjek aýdymçynyň ýurda girmegini gadagan edendigini habar berdi. Dessine muňa Moskwadan gaharly jogap geldi.

Howpsyzlyk agentliginiň wekili Olena Hitlýanska 22-nji martda “Ukrainanyň howpsyzlyk gullugy Russiýa Federasiýasynyň raýaty Ýuliýa Samoýlowa üç ýyl boýunça Ukraina territoriýasyna girmegi gadagan etdi” diýip, öz Facebook hasabynda çap etdi.

Ol Samoýlowanyň 2015-nji ýylda Kryma syýahat edendigi sebäpli, Ukraina kanunlaryny bozandygy sebäpli şeýle karara gelnendigini aýtdy. Bu aýdylýan sebäp Gara deňiz ýakasyndaky ýarym adanyň kontrollygyny Russiýanyň Ukrainadan özüne birikdireninden bir ýyl soňra bolupdy.

Ukraina kanunçylygyna görä, Kryma syýahat etmezden ozal Kiýewden rugsat almaýanlara garşy gadagançylyk girizmäge rugsat berýär. Ukraina ol ýerde geçirlen çäre gatnaşan 140 rus aýdymçyny gara sanawa aldy.

Ukraina bu ýyl geçiriljek “Eurovision” bäsleşigini öz öýünde gurnamaga hukuk gazandy. Dowamly her ýyl geçirilýän 2016-njy ýyldaky bäsleşige 200 million adam telewideniýede göni ýaýlymda tomaşa etdi. Final duşuşygy 13-nji maýda Kiýewde geçirilmeli.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi 22-nji martdaky beýanatynda, ukrain hökümetini “russofobik paranoýýa ýokaşan režim” diýip atlandyryp, gadagançylygy tankyt etdi.

Ministrlik “(Kiýew) beýle etmek bilen diňe özleriniň syýasy başarnyksyzlygyny we gowşaklygyny görkezmän, eýsem Ýewropa gymmatlyklary diýilýän zada hem dogry garaýşy beýan edýär” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Grigory Karasin Samoýlowa goýulýan gadagançylygy “Kiýew häkimiýetleriniň eden iň soňky utançsyz we adamkärçiliksiz hereketi” diýip häsiýetlendirdi.

Bu hereket üçin Ýewrowideniýe bäsleşigini geçirýän ýurt bilen bilelikde ony alyp barýan Ýewropa Teleýaýlym Bileleşigi (ÝTB) hem tankytlandy.

Merkezi Şweýsariýada ýerleşýän bu guramanyň 22-nji martda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna beren beýannamasynda, Ukrainanyň Samoýlowanyň syýahatyna garşy bildiren howsalasyna dogry düşünýändigini we öý eýesiniň ýerli kanunlaryna hormat goýulmalydygyny aýtdy.

Beýannamada “Emma biz bu karara düýpli gynanç bildirýäris, sebäbi bäsleşigiň ruhuna hem-de bu gymmatlyklaryň kalbynda ýatan hoşniýetlilik düşünjesine ters düşýändigine ynanýarys” diýdi.

Teleýaýlym Bileleşigi hemme aýdymçylaryň çykyş edip bilmegi maksady bilen Ukrain resmileri bilen gepleşikleri dowan etdirjekdiklerini hem aýtdylar.

27 ýaşly Samoýlowa 12-nji martda Russiýanyň adyndan wekilçilik etjek aýdymçy hökmünde saýlandy. Aýdymçy seýrek duş gelýän myşsalaryň tertipsiz ýerleşmegi sebäpli, tekerçekli oturgyja bagly bolup galypdyr. Ol 2015-nji ýylyň ortalarynda Krymyň Kerç şäherinde aýdym aýdypdy.

Russiýa 2014-nji ýylyň martynda Kryma goşun iberip, referendum geçirmek bilen ol ýeri ele geçirdi. Bu referendum dünýädäki köp ýurtlar tarapyndan bikanun diýlip kabul edildi.

Bu çäre Günbatar döwletleri tarapyndan Ýewropa serhetlerini täzeden çekmek we söweşden soňraky howpsyzlyk düzgünini bozýandygy sebäpli agressiw hereket diýlip baha berildi. Bu herekete jogap hökmünde ABŞ, Ýewropanyň we beýleki döwletleriň birnäçesi Russiýa garşy dürli sanksiýa girizdiler.

Rus prezidenti Wladimir Putiniň “mukaddes rus topragy” diýip atlandyrýan Krymyň ele geçirilmeginden soňra gündogar Ukrainada separatizm artdy. Kiýew bulary Moskwanyň öjükdirýändigini aýdýar. 2014-nji ýylyň aprelinden bäri bu söweşde, gündogar Ukrainada 9 müň 900 adam wepat boldy.

Russiýa Ukrainany geçen ýylky bäsleşigi syýasylaşdyrmakda aýyplady. Sebäbi ukrainaly Krym tatary bolan aýdymçy Jamalanyň aýdymynda, Sowet diktatory Iosif Staliniň 1940-njy ýyllarda ýarym adadaky musulman azlygyny sürgüne ibermegi tankyt edilýärdi.

Krym tatarlarynyň köpüsi Russiýanyň Krymy ele geçirmegine garşy çykdy. Anneksiýadan ozal olar ýarym ada ilatynyň 12 göterimini emele getirýärdiler hem-de olaryň köpçüligi referenduma garşy boýkot yglan etdiler.

Putin Krym tatarlaryna gowy çemeleşiljekdigine we olara hormat goýuljakdygyna söz berdi. Ýöne adam hukuklary toparlary olaryň rus häkimiýetleri tarapyndan basyşlara sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG