Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biden Russiýanyň howpy barada çykyş etdi


ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden
ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden

ABŞ-nyň wise prezidenti wezipesinde eden soňky möhüm çykyşynda Joe Biden Russiýanyň “halkara liberal ýagdaýyna” uly howp abandyrýandygyny, şeýle-de Moskwanyň Günbatar ýurtlaryndaky boljak saýlawlara hem goşulmagyna garaşybermelidigini aýtdy.

Biden bu barada 18-nji ýanwarda Şwesariýanyň Dawos şäherinde geçýän Bütindünýä Ykdysady Forumyndaky çykyşynda aýtdy.

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň “2016-njy ýylda ABŞ-daky saýlaw kampaniýasyna täsir etmegi” buýurandygyna “doly ynanýandygy” dogrusynda netije çykarypdylar.

Aňtaw gulluklary Putini we rus hökümetini 8-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda Hillari Klintonyň bäsdeşi Donald Trampyň “tarapyny tutmaga ýykgyn etmekde” hem aýypladylar.

Ýewropa ýurtlarynyň ençemesinde şu ýyl parlament we prezident saýlawlary geçiriler. Biden “Russiýanyň demokratik prossese goşulmak synanyşyklaryna ýene garaşybermelidigini” aýtdy.

“Bu ýene bolar. Men size güwä geçýärin” diýip, Biden sözüne goşdy.

Moskwa ABŞ-daky saýlawlara goşulandygy baradaky aýyplamalary inkär edýär. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Ýewropadaky saýlawlara täsir ýetirmek üçin kiber-hüjümleri amala aşyrjakdygy baradaky maglumatlarynyň “toslamadygyny” öňe sürdi.

Biden ABŞ we Ýewropa Bileleşigine ýüzlenip Putine garşy bile durmaga we liberal gymmatlylyklary goramaga çagyrdy.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmagy göz öňünde tutýandygyny mälim edipdi.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp almagy, şeýle-de Siriýadaky konflikte goşulmagy ýaly ýagdaýlaryň netijesinde, ABŞ-Russiýa gatnaşyklary Sowuk urşy döwründen bäri görlüp-eşidilmedik derejede ýitileşdi.

XS
SM
MD
LG