Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň premýer-ministri wezipesinden çekildi


Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi.
Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi.

Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi ýurduň konstitusiýasyny reformirlemk baradaky synanyşykda ýeňilendigini boýun alyp, wezipesinden çekildi. Ol bu ýeňlişi “adatdan daşary açyk” ýeňliş diýip atlandyrdy.

Bu wakadan soňra ýewronyň bahasy dollaryň garşylygynda geçen 20 aýyň içinde özüniň iň pes derejesine düşüp, 1.05 dollara geldi. Aziýa bazarlarynda syýasy durnuksyzlygyň Italiýanyň ozaldan hem güýçli bolmadyk bank sektoryny täzeden basyş astyna salyp, ýewro we Ýewropa Bileleşigine garşy partiýalaryň häkimiýet başyna gelmegine ýol açylar diýip, howatyr edilýär.

Bazarlar köşeşeninden soňra ýewronyň bahasy 1.06 dollara deň boldy.

5-nji dekabrda Renzi telewideniýeden halka ýüzlenip, “şowsuzlygyň jogapkärçiligini doly öz üstüme alýaryn” diýdi. Ol özüniň wezipeden çekilýändigi baradaky resminamany şu gün giçlik prezident Sergio Matterella gowşurjakdygyny aýtdy.

Baş kanuna üýtgetme girizmek boýunça 4-nji dekabrda Italiýada geçen referendumyň deslapky netijeleri Renziniň tekliplerini ses berijileriň 60 prosente golaýynyň ret edendigini görkezdi. Bu tekliplerde Senatyň we regional resmileriň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek arkaly ykdysady reformalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýardy.

Agyr zarba

Renzi referendumdan öň Italiýanyň gowşak ykdysadyýetini güýçlendirmäge gerekli reformalary amala aşyrmak üçin özüniň teklip eden düzedişleriniň zerurdygyny belläp, bu teklipler ret dilen halatynda wezipeden çekiljekdigini aýdypdy.

Ýöne oppozision partiýalar bu üýtgetmeler aşa köp ygtyýarlylygyň Renziniň elinde jemlenmegine getirer diýip, üstünlikli kampaniýa alyp bardylar.

Renziniň iki ýyl ýarymdan soňra wezipeden çekilmek baradaky karary Günbatarda häkimiýet başyndaky gatlaga garşy güýçleriň täsiriniň üstümizdäki ýyl barha artmagy we britanlaryň bileleşigi terk etmek barada ses bermegi netijesinde dürli krizisler bilen ýüzbe-ýüz bolýan Ýewropa Bileleşigine agyr zarba bolup degýär.

Renziniň teklip eden reformalary ret edilen halatynda wezipeden çekiljekdigini wada bermegi, onuň şowsuzlyga uçramagy Italiýanyň ýewro zonasyndan ýa Ýewropa Bileleşiginden çykmak mümkinçiligini artdyrar diýen aladalara getirdi. Sebäbi ýurtda syýasy garym-gatymlygyň döremegi Ýewropa Bileleşigine garşy partiýalaryň aralyk hökümete ýa-da täze güýç bilen irki saýlawlara goşularyndan gorkulýar.

Syýasy krizisden peýdalanmagy mümkin partiýa Italiýanyň “Bäş ýyldyz hereketidir”. Bu hereket geçirilen pikir soralyşyklarda dowamly halkyň 30 prosentiniň goldawyny gazanmak bilen Renziniň häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasyndan soňra ikinji orunda durýar.

Italiýanyň ýewro zona agzalygy

Hem sagçy, hem-de solçulyga ýykgyn edýän italiýanlary özüne çekýän Beppe Grillonyň ýolbaşçylygyndaky “Bäş ýyldyz hereketi” Ýewropa Bileleşigini terk etmek barada däl-de, Italiýanyň ýewro zonasyna agzalygy barada referendum geçirilmegine çagyrýar.

Bu partiýanyň halk tarapyndan gowy garşylanmagynyň sebäbi umumy pul bolan ýewronyň, Italiýada ozal ýygy-ýygydan edilişi ýaly, ýurduň pulunyň hümmetini aşakladyp, eksport ykdysadyýetini güýçlendirmäge ýol bermeýändigi bilen bagly.

Italiýa ýewro zonasyna goşulaly bäri ýurduň ykdysadyýetiniň hiç bir ýylda bir prosentden ýokary ösen mahaly ýok.

Renzi wezipeden çekiljekdigini bildiren badyna “Bäş ýyldyz hereketi” täze saýlawlaryň geçirilmelisinden bir ýyl öň, ýagny 2017-nji ýylyň başlarynda geçirilmegine çagyrdy.

Täze saýlawlardan peýdalanmagy mümkin ýene bir partiýa bolsa “Demirgazyk ligadyr”. Halkyň arasyndaky goldawy 12 prosent töweregi bolan bu partiýa aşa milletçi we immigrasiýa garşy hereket edýär. Ol Italiýany Ýewropa Bileleşiginden çykarmagy wada edýär.

Ýöne esasy akyma ýykgyn edýän ýene bir partiýa bar. Ol öňki premýer-ministr Silwio Berleskoninyň Brýusseliň tarapyny çalýan “Forza Italia” partiýasydyr. Ony goldaýanlar bolsa ilatyň takmynan 15 prosentidir.

Renziniň wezipeden çekilmek baradaky karary hakda Italiýanyň prezidenti üçin indi iki ýol bar.

Ol täze hökümeti düzmek wezipesini Renzä ýa häkimiýet başyndaky Demokratik partiýanyň başga bir agzasyna berip bilýär, ýa-da täze saýlawlaryň geçirilmegini planlaşdyryp bilýär.

XS
SM
MD
LG