Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

 “Aý yşygy”, “Satyjy” kinolary Oskar baýragyna mynasyp boldy


“Aý yşygy" kinosynda esasy rollaryň birini ýerine ýetiren Maherşala Ali.
“Aý yşygy" kinosynda esasy rollaryň birini ýerine ýetiren Maherşala Ali.

“Aý yşygy” filmi “La La Land” filmini yzda galdyryp, Oskar baýragyna mynasyp boldy. Daşary ýurt dillerindäki kategoriýada bolsa birinji bolup, Oskar baýragyny alan eýranly režissýor Asgar Farhadiniň “Satyjy” atly kinosy boldy.

26-njy fewralda geçen dabarany alyp baran Faýe Dunaway ýalňyşlyk bilen “La La Land” filmi utujy diýip yglan edensoň, dabara garym-gatymlyk aralaşdy. Ýöne ondan soňra bu ýalňyşlyk düzedilip, hakyky utujy “Aý yşygy” diýip yglan edildi.

Dabaranyň garym-gatymlyk bilen tamamlananyny hasaba almasaň, bolan başga näsazlyk ýok. Ýöne prezident Donald Tramp tankytlanyp, aýratyn-da onuň immigrasiýa syýasatyna hüjüm edildi.

Bu ugurda edilen iň ýiti beýanatlaryň biri eýranly režissýor Farhadiden geldi. Ol Trampyň jedelli immigrasiýa syýasatyna protest bildirip, dabara gatnaşmakdan boýun gaçyrdy.

Farhadiniň beýanatyny onuň tarapyndan eýranly inžener Anouşeh Ansari okap berdi:

“Men bu gije siziň araňyzda däldigime gaty gynanýaryn. Meniň ol ýerde bolmazlygym öz halkyma we adamkärçiliksiz kanun bilen Birleşen Ştatlara gelmegi gadagan edilen beýleki alty ýurduň halkyna bolan hormatymdan gözbaş alýar”.

“Dünýäni ‘biz’ we ‘biziň duşmanlarymyz” diýen kategoriýalara bölmek gorky we agressiýa hem urşy mekir bilen aklamaga mümkinçilik döredýär” diýip, Ansari okady.

Farhadiniň filminde esasy roly oýanaýan aktrissa Taraneh Alidusti öten aý özleriniň dabara gatnaşmajakdyklaryny aýtdy. Sebäp, Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan gelýän adamlara Birleşen Ştatlara ýol bermezlik baradaky wagtlaýyn synanyşyklaryna protest bildirmek.

Gadaganlygy Birleşen Ştatlaryň bir kazysy togtatdy. Ýöne Tramp öz adamlarynyň täze gadaganlyk kanunynyň üstünde işleýändiklerini we bu gadaganlygyň basym güýje giriziljekdigini aýtdy.

Tährana esaslanýan “Satyjy” dramasynda bir är-aýlyň arasynda, aýal öz öýünde hüjüme uçransoň, dörän göreş suratlandyrylýar.

“La La Land” bir musikal. Ol alty oskar aldy.

“Aý yşygynda” hem ejesi neşebent bolan bir oglanyň kämillik ýaşyna çenli bolan döwri suratlandyrylýar.

Oksar baýragy bilen sylaglanan beýleki akýorlar: Keýsi Afflek, Emma Stone, Maherşala Ali, Wiola Deýwis, Damien Çazelle.

XS
SM
MD
LG