Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap, Daşoguz: Migrasiýa edaralarynyň öňünde nobatlar emele geldi


Lebap welaýatynyň Migrasiýa gulugynyň edarasynyň öňünde nobata duran adamlar
Lebap welaýatynyň Migrasiýa gulugynyň edarasynyň öňünde nobata duran adamlar

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabyndaky we Daşoguz welaýatyndaky edaralarynyň öňünde ýene nobatlar emele geldi diýip, “Türkmen inisiatiwasy” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 26-njy fewralda beren maglumatynda, nobata duran adamlaryň aglabasynyň daşary ýurtlara gitmek üçin täze türkmen pasportyny almaga synanyşýan özbek diasporasynyň wekilleridigi bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, bu nobatlaryň emele gelmegine goňşy Özbegistanyň 25-nji ýanwardan başlap, Türkmenistanyň serhetýaka regionlarynda ýaşaýan ýaşaýjylara türkmen-özbek serhedinde ýeňilleşdirilen wiza düzgünini dikeldendigi barada ýaýran habarlar sebäp boldy.

Bu düzgüne laýyklykda, serhetýaka regionlaryň ýaşaýjylary wizasyz üç gije-gündizläp goňşy Özbegistanda galyp bilýärler. Azatlyk Radiosyna bu maglumaty häzirlikçe tassyklatmak ýa-da inkär etdirtmek başartmady.

Nobatlar 100 adama çenli ýetýär

Emma fewral aýynyň başyndan bäri irden sagat 10-da, ýagny raýatlary kabul edişlik başlanýan wagty, Migrasiýa gullugynyň edarasynyň öňünde azyndan 100 adamyň üýşýändigini “Türkmen inisiatiwasy” neşiri aýdýar.

“Lebap welaýatyndaky Migrasiýa gullugynyň öňünde duran zenanlaryň aýtmagyna görä, olar bu ýere Farap etrabyndan indi ikinji gezek gelýärler. Olar birinji gezek geçen hepdäniň duşenbe güni sagat 11 töwereginde gelipdirler, ýöne şol güni nobatyň ýetmejegine düşünipdirler” diýip, agzalýan neşiriň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda nobata duranlaryň aglabasynyň aýal-gyzlardan ybaratdygy, olaryň köpüsiniň ýanynda çagalarynyň hem bardygy nygtalýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, 2013-nji ýylyň güýzüne çenli Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylaryna ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri döredilip, olar goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz geçip bilýärdiler.

Täze düzgün güýje girmän galýar

Emma bu düzgün ýatyrylandan soň, serhet ýakalaryndaky adamlar, şol sanda bir wagtlar Özbegistandan göçüp gelenler hem Türkmenistanyň demirgazyk goňşusyna gidip gelmek üçin 10 günlük wizany almaly bolýardylar.

Munuň netijesinde, Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen käbir türkmenistanlylar goňşy ýurtdaky dogan-garyndaşlaryny wagtynda görmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, käbirleriniň toýuna ýa-da ýasyna hem gatnaşyp bilmeýändiklerini Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen arasyndaky ýeňilleşdirilen wiza düzgünini gaýtadan güýje girizendigi habar berilse-de, häzirlikçe serhediň ýapyklygyna galýandygy aýdylýar diýlip, “Türkmen inisiatiwasy” neşiriniň maglumatynda nygtalýar.

Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetýaka etraplarynda, aýratyn-da, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 700 müňden artyk özbekleriň, şeýle-de Özbegistanyň Horezm sebitinde 8 müňden gowrak türkmeniň ýaşaýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG