Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Nebit-gaz edarasy aýlyklary wagtynda bermeýär"


Aşgabatda bankomatdan pul almaga synanyşýan ýaşaýjylar.
Aşgabatda bankomatdan pul almaga synanyşýan ýaşaýjylar.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň käbir işgärleriniň öz aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýändigi habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan käbir işgärler özleriniň maý aýynyň aýlyk haklarynyň haçan beriljekdigi barada takyk maglumatyň berilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu barada maglumat almak üçin “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen habarlaşdy. Bu edaralaryň adynyň efirde tutulmazlygyny soran jogapkär resmileri işgärlere maý aýynyň aýlyk haklarynyň heniz berilmändigini aýdyp, “Alla ýol berse, işgärleriň aýlyk haklary öňümizdäki hepde beriler” diýdi.

Türkmen resmileri aýlyklaryň gija galmagynyň sebäbi barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny hem nygtady.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça nebit-gaz edarasynyň käbir işgärleri bilen söhbetdeş bolan Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:38 0:00

XS
SM
MD
LG