Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orazada içgi satýan musulman ofisiant zenan ýenjildi


Zenan.
Zenan.

Fransiýada musulman restoranynda işleýän bir işgär orazada alkagolly içgi paýlaýandygy üçin ýenjilipdir.

Restoranyň musulman işgäri bolan bu aýalyň gürrüň bermegine görä, ol oraza aýynda restorana gelenlere alkagolly içgi hödürläni üçin, iki adam uly dawa turzupdyr we soňam ony ýenjipdirler.

Agzalýan bu hüjüm 30 ýaşyndaky ofisiant zenana oraza aýynyň birinji gününde Fransiýanyň Nitsa şäherinde, bu aýalyň öz iş ýerinde, ýagny meýhanada gurnalypdyr. "L'Obs" gazetine beren interwýusynda ol zenan öz üstüne ýekelikde işleýärkä hüjüm edilendigini gürrüň berýär.

"Olar tekjelerdäki alkagolly içgileriň çüýşelerini görkezip, ellerini salgadylar. Olardan biri arapça şeýle diýdi: "Oraza aýynda alkagolly içgi paýlaýandygyň üçin utan. Men Alla bolan bolsadym, seni dara çekdirerdim".

“Men gaty gorkdum”

Restoranyň işgäri bolan aýal hem oňa olara şeýle jogap beripdir: "Siz Alla däl ahyryn, meni günäkärlär ýaly". Ondan soň ol adamlar ýaňky zenana "jelep" diýip, sögünip bardan çykyp gidipdirler.

Aradan biraz salym geçenden soň ýaňky adamlar bara gaýdyp gelip, ol zenany urup-ýenjip, ýere ýykypdyrlar.

"Men gaty gorkdum. Men näme bolýanyny seljerip bilmedim. Olaryň meni näme üçin ýençýändigine düşünmedim. Olar nämä esaslanyp, meni urup-ýençdiler? Men şeýle hüjüm bilen öz mertebämiň gaty erbet kemsidilendigini duýdum. Men mundan beýläk özüm ýaly zenanlaryň şeýle zalymlyga duçar bolmagyny islemeýärin" diýip, zenan gürrüň berýär.

Duýdansyz hüjüm

Zenanyň beren maglumatyna görä, ol öz watany Tunisde hem edil şeýle işde işläpdir we ýöne ol ýerde hiç haçan beýle kemsidiji ýagdaýa duçar bolmandyr.

"Men hiç wagt Fransiýada şeýle azat hem erkin ýurtda beýle hüjüme duçar bolaryn diýip pikir etmeýärdim. Men olaryň ýene bu taýyk dolanyp gelmeginden gorkýaryn. Men olaryň meniň işime päsgel bermegini islemeýärin" diýip, bar-restoranda işleýän zenan žurnalistlere gürrüň berýär.

Bolan hadysa restorandaky kameralar tarapyndan surata düşürilipdir. Duýdansyzlykda hüjüme duçar bolan zenan restoranyň başlygyny kömege çagyrypdyr we olam dessine polisiýa ýagdaýy habar beripdir. Restorandaky kameralaryň surata düşürenlerini hem soňra polisiýa subutnama hökmünde beripdirler.

"L'Obs" gazetiniň ýazmagyna görä, hüjümçi adamlar medisina barlagyndan geçirilipdir. Ýöne olar häzirlikçe tussag edilmändirler.

XS
SM
MD
LG