Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2017-nji ýylyň fewralynda prezident saýlawlaryny geçirer


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistan indiki ýylyň 12-nji fewralynda nobatdaky prezident saýlawlaryny geçirer diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat habar berdi.

Bu habar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzediş girizilen we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömürlik dolandyryşynyň öňündäki päsgelçilikleri aradan aýran görnüşi kabul edileninden bir aý soň ýaýradyldy.

Prezident saýlawlarynyň geçiriljek senesi 15-nji oktýabrda türkmen parlamenti tarapyndan tassyk edildi.

Prezident Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda Ýaşulular maslahaty we parlamenttarapyndan tassyklanan konstitusiýa düzedişlerini geçen aý tassyk etdi.

Bu düzedişler berk kontrol astynda saklanylýan Merkezi Aziýa ýurdunda prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägi baradaky ozalky düzgüni, ýagny 70 ýaşdan geçen adamyň bäsleşige goýberilmezligi baradaky çäklendirmäni aradan aýyrýar.

Şeýle-de bu düzedişler indiki prezidentlik möhletlerini häzirki bäş ýyllygyndan ýedi ýyllyga uzaldýar.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy Türkmenistanyň ähli syýasy partiýalarynyň, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň öz prezidentlige kandidatlaryny hödürlejekdiklerini aýtdy.

Bu üç partiýanyň üçüsi hem prezident Berdimuhamedowyň dolandyryşyna berk goldaw bildirýär.

59 ýaşyndaky Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda, ozalky ömürlik prezident Saparmyrat Nyýazow ýogalanyndan soň häkimiýet başyna gelip, 2007-nji we 2012-nji ýyllardaky prezident saýlawlarynda sesleriň aglaba köplügini almak bilen ýeňiji boldy.

Gaza baý Türkmenistan dünýädäki iň bir izolirlenen ýurtlaryň biri bolup, hiç wagt Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan adalatly we demokratik diýlip baha berlen saýlaw geçirmedi.

Hukuk toparlary bu ýurtda başga pikirlilige çydalmaýandygyny, hökümet tankytçylarynyň ýa türmä, ýa-da ruhy hassahana ýerleşdirilmeginiň adaty bir zada öwrülendigini, garaşsyz medianyň bolsa asla ýokdugyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG