Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Hünär mekdepleriniň ýene bäşisi tölegli edildi


Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birine giriş synaglaryny tabşyrmak üçin nobatyna garaşýan ýaşlar we olaryň ene-atalary. 2016 ý.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birine giriş synaglaryny tabşyrmak üçin nobatyna garaşýan ýaşlar we olaryň ene-atalary. 2016 ý.

Türkmenistanda ýörite orta hünär berýän mekdepleriň ýene bäş sanysy tölegli edildi.

Resmi metbugatda Türkmenistanyň 42 sany ýörite orta hünär mekdeplerine okuwçylaryň kabul edilip başlanandygy, şolaryň 19 sanysynyň töleglidigi habar berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýörite orta hünär mekdepleriniň 14 sanysy öňden hem tölegli bolup, şu ýyl olaryň hataryna ýene-de bäş sanysy goşuldy.

Tölegli şerte geçirilen ýörite orta bilim berýän mekdepleriň arasynda:

- Türkmenistanyň Söwda we ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär mekdebi;

- Türkmen Nebit-gaz gurluşyk konserniniň Balkanabatdaky Nebitçilik hünär mekdebi;

- Demirýol ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky Demirýol transporty mekdebi;

- Nyýazow adyndaky Oba-hojalyk uniwersitetiniň Baýramalydaky Agrosenagat hünär mekdebi;

- Türkmen Oba-hojalyk uniwersitetiniň Daşoguzdaky Agrosenagat hünär mekdebi bar.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen maglumatda ýurtda ýörite bilimli orta hünärmenleri taýýarlaýan bu mekdeplere şu ýyl ýaşy 35-den geçmedik 8 müň 385 adamynyň kabul ediljekdigi, munuň geçen ýylkydan 43 adam artykdygy aýdylýar.

Töleg barada maglumat berilmeýär

Emma okuw möhleti 2-2,5 ýyl bolan bu ýörite orta hünär mekdepleriniň tölegi barada resmi metbugatda hiç hili maglumat berilmeýär. Azatlyk Radiosynyň bu baradaky maglumatlar bilen gyzyklanyp, gürrüňi gidýän okuw jaýlarynyň resmilerinden nähilidir bir maglumat almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri 2-nji awgustda başlanan synaglaryň “açyklygyny ýokarlandyrmak maksady bilen” okuw otaglarynda wideokameralaryň oturdylandygyny, munuň netijesinde okuw jaýlaryna “has ukyply oglan-gyzlaryň kabul edilmegine mümkinçilikleriň döredilendigini” tekrarlaýarlar.

Türkmen resmileriniň bu beýanatyna garamazdan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan käbir türkmenistanlylar ýurduň ýokary bilim pudagynda korrupsiýanyň, parahorlugyň giňden ýaýrandygyny, para bermezden ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçiliginiň juda çäklidigini gürrüň berýärler.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleriniň özleri hem ýurduň bilim pudagynda korrupsiýanyň bardygyny resmi taýdan birnäçe gezek boýun aldylar. Emma welin häkimiýetler agzalýan parahorlugyň anyk haýsy edaralarda kök urandygy, oňa kimleriň gatnaşygynyň bolandygy barada halka hiç hili jikme-jik maglumatlary bermeýärler.

Ýörite orta hünär mekdepleri bilen birlikde şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýalaryna hem 7 müň 256 talyp kabul ediler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG