Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyýaldaky muzeýler


Juliettanyň eýwany diýilýän ýer.
Juliettanyň eýwany diýilýän ýer.

Tomsuň başlanmagy bilen muzeýlere, tebigatyň täsin ýerlerine barýanlaryň sany artýar. Günbatarda Muzeý gijeleri gurnalyp, ir agşamdan ertire çenli gapylaryny mugtuna açyp goýýarlar.

Muzeýe öwrülen şäher

Italiýa syýahat edenler Werona şäherini bilýändirler. Ol ýerde Juliettanyň eýwany hem Romeonyň ýaşan jaýy diýilýän ýerler bar.

Julietta hem Romeo baradaky ideýa beýik Danteden başlanypdyr. Soňra ol rowaýata öwrülip, dürli şahyrlar tarapyndan işlenýär. Ahyrynda Şekspiriň galamyndan çykansoň, ölmez-ýitmez esere öwrülýär. Juliettanyň eýwany hem şondan soň göze ilýär.

Taryha baglanyşygy bolmadyk ýerden, şeýle mukaddeslik döredilipdir. Kimde näzik ýürek bolsa, ol jaýlaryň alnynda gözýaş dökmän bilenok. Indi bu şäher söýgi muzeýi saýylýar. Her ýylyň 16-njy sentýabrynda, Juliettanyň doglan gününi baýram edýärler.

Bu bir aýdyň mysal. Söýgi şäheri saýylýan ýerler bizde-de örän köp.

Gyzlar köşgi

Biziň gözümizi açyp ilki görenimiz, Gyzlar köşgi bilen Ýigitler köşgi boldy. Sebäbi obamyzyň günortasynda örän geň iki ýadygärlik otyr. Gadymy Mary şäherini görmäge gelen islendik adam owaly şol belent ýadygärligi görýär.

Bu iki gadymy ýadygärlik ylmy edebiýatlara Gyzgala hem Ýigitgala ýa-da Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala atlandyrylýar. Ýerli ilat oňa köşk diýýär.

Köşk diýilmegi milletiň isleg-arzuwyna has ýakyn bolsa gerek. Sözlüklerde muzeý düşünjesiniň grekçe Muzanyň köşgi, Muzanyň mekany diýen manydan gelip çykýandygy aýdylýar. Muza bolsa, bilşimiz ýaly, sungata hem ylma hemaýat edýän ylham hudaýy saýylýar.

Ýogsa 6 – 7-nji asyrlarda döredilen bu binalaryň gyz ýa-da ýigit bilen hiç dahyly ýok.

Rowaýatda aýdylyşyna görä, ýaşlar iki galanyň aralygynda alma atyşar ekenler. Ýöne olaryň arasy alma zyňyp ýetirerden daşrak. Şeýle-de bolsa, gadymyýetiň galyndysyndan täsin muzeý, gözel ýadygärlik döredilipdir.

“Zöhre – Tahyryň” köşgi

Lebap boýunda Saýat bilen Garabekewüli aralap duran Soltannyýaz begiň gyry diýilýän belentlikden, Amyderýa tarap seretseňiz, derýanyň sag kenarynda gadymy gala görünýär. Oňa “Zöhre – Tahyryň” köşgi diýýärler.

Gün ilerdekä ol örän owadan görünýär. Göýä derýanyň ýalkymy galanyň eteklerini bezeýän ýaly bolup dur. Ony Mollanepesiň meşhur “Zöhre – Tahyr” dessany bilen baglanyşdyrýarlar.

Ol şeýle at bilen tanalmasa, bir çetini derýa alan, bir weýran köne gala hökmünde görnerdi. Ýöne “Zöhre – Tahyryň” köşgi diýseler, ol başga bir täsinlik bilen göze ýakymly görünýär.

Gyzylarbat – Garrygala ýolunda, dagyň gysy ýerine-de “Zöhre – Tahyryň dagy ýaran ýeri” diýilýär.

Häzirki şaýol açylmazdan öň ýol dag jülgesiniň arasyndan bolup, oňa-da “Tahyr janyň geçen ýoly” diýilýärdi.

Ynsan tebigatdan özi üçin muzeý hem gözellik döredip, ony rowaýat bilen janlandyrýar.

Açyk asmanyň aşagyndaky gözellik

Rowaýata öwrülen şeýle ýadygärlikleriň ençemesi Was düzlüginde jemlenipdir. Gadymyýetden galan yzlaryň köpüsi aýratyn “Şasenem – Garyp” dessany bilen baglanyşykly.

Aýdymda aýdylyşy ýaly, maňa hut çäşge wagty Şasenem köşgüne gelmek nesip etdi. Gözüň alnynda “Şasenemiň bagy” diýlen tekizlik ýaýylyp ýatyr. Ony synlanyňda. Aşyk Garybyň bagbanlyk edişi hyýalyňa gelýär.

Uzakdan bolsa Akja gelniň galasy görünýär.

Şasemenden ilerligine gitseň, Aşyk Aýdyň piriň mazary bar. Şol töwerekler umumylykda Şähribossan topragy saýylýar.

Diýarbekir şäheri guma garylyp ýatyr. Ol arheologlar tarapyndan gazylyp, kän dörjelipdir.

Mundan gaýralygyna seretseň, Halap, Şirwan hem Şamahy bar. Bu bir haýran galdyryjy ýerler. Gadymy şäherler, galalar merjen ýaly bolup, gözüň alnynda düzülip dur.

Hyýaldaky gözellik

Adam hakydasynda döredilen ýerler örän geň hem köp. Men mundan diňe öz görenlerimi aýtdym.

Ýakyn Gündogaryň hem Kiçi Aziýanyň ajaýyp şäherleri Was düzlügini bezeýär. Olar halk mukamyna, ýagny söýgüsine siňipdir. Ynsan görüp bilmeýän zadyny hyýalynda ýaşadýar.

Bular hyýalda ýaşap gelýän muzeýler. Ony adamlar mydama görmek isläpdirler. Irki döwürräkde bu ýerleri görmäge gaýdanlar suwsuzlykdan heläk bolar ekenler. Indi bimöçber gadyrly ol ýerler ekin meýdanyna öwrülip barýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG