Sepleriň elýeterliligi

PKK bilen täze gepleşikler bolmazmy?


"Kürdüstanyň işçiler" partiýasynyň goldawçylary.

"Kürdüstanyň işçiler" partiýasynyň goldawçylary.

Türkiýede Binali Ýyldyrymyň premýer-ministrlige bellenmegi bilen Ankaranyň "kürt meselesine" çemeleşmeginde "täze faza" giriljege meňzýär.

Bu täze fazada hökümetiň kürt meselesini "Kürdüstanyň işçiler" partiýasy (PKK) we onuň "syýasy goly" parlamentdäki "Halklaryň demokratik" partiýasy (HDP) bilen hyzmatdaşlyk etmän çözjekdigi aýdylýar. Bu bolsa militantlaryň garşysyna has köp güýç ulanmagy, HDP barada berk tutumy we zorluga daýanmaýan kürt toparlaryna hem parahat ilata has açyk çemeleşmegi aňladýar.

Türkiýäniň häkimiýet başyndaky "Adalat we Galkynyş" partiýasynyň (AKP) agzasy milleti kürt bolan parlamentçi Orhan Miroglu golaýda türk telekanalyna aýtmagyna görä, geçen iki ýyllykdakyň tersine, "täze döwürde", haýsy temada hem bolsa, PKK we HDP bilen gepleşik bolmaz. Dialog indi kürt ilatynyň we halkynyň ähli gatlaklary bilen bolar.

“Türkiýäni parçalamak barada dildüwşük edýärler"

Miroglu soňra hem: "Biziň garşysyna göreş alyp barýanymyz diňe PKK-nyň terrory däl. PKK "eýranlylaryň, siriýalylaryň, ýewropalylaryň, amerikanlaryň we Assad režiminiň guramasyna öwrüldi. Bular Türkiýäni parçalamak barada dildüwşük edýärler" diýip sözüniň üstüne goşdy.

Türk hökümeti bilen PKK-nyň wekilleriniň arasynda alnyp barylýan gepleşikler öten tomuş kesildi. Hökümet tarapyndan tassyklanmadyk habarlara görä, kürt tarapy, baýdagy we howpsuzlyk güýçleri aýry region ýaly, kabul edip bolmajak talaplary goýupdyr. Gepleşikleriň kesilmegi bilen atyşyklary bes etmek baradaky ylalyşyk hem ýatdy. PKK özüniň terror hüjümlerine täzeden başlady. Türk harbylary we howpsuzlyk güýçleri hem muňa berk gaýtawul berdiler.

Kürt militantlary şäherleriň merkezlerinde umumy we parahat ilata degişli nyşanalary bombalamagy artdyrdylar. "Halkara krizis toparynyň" bildirmegine görä, 2015-nji ýylyň iýul aýyndan bärde kürt söweşijileri bilen baglanşykly zorluklarda türk polisiýasynyň 350 işgäri we parahat ilatdan hem 250 adam ölüpdir. HDP "zorlugyň ähli görnüşine" gynanýandygyny aýtsa-da, terroristik hüjümleri açyk ýazgarmaga meýilsizlik bildirip, bu hüjümler ilatyň kürt böleginiň edýän adalatly talaplarynyň basylyp ýatyrylmagyna görkezilýän "reaksiýalar" diýen ritorikasyny dowam etdirdi.

Parlament wekilleriniň eldegrilmesizligi ýatyryldy

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan eden soňky çykyşlarynda parahat ilatyň we türk harbylarynyň hem howpsuzlyk güýçleriniň garşysyna ýarag ulanýanlar bilen gepleşik bolmaz diýip açyk duýdurdy. Terrorizm ýa başga jenaýat işlerinde eli bar diýlip güman edilen halatynda parlament wekilleriniň eldegrilmesizliginiň ýatyrylmagyny hem türk parlamenti eýýäm oňlady.

Ankaranyň kürt syýasy töwereklerinde bu kanunda nyşana alynýanyň ilkinji nobatda HDP-niň parlamentdäki fraksiýasynyň agzalarydygyna şübhe edilenok. Munuň parlamentde üçünji orunda durýan bu partiýanyň ýapylmagyna getirmese-de, ony çynlakaý gowşatmagy ähtimal. Şeýlelikde, Ankara PKK bilen bolan ýaragly konflikte gönükdirilen "täze syýasaty" kesgitleýäne meňzeýär. Öňümizdäki birnäçe aýlykda biziň jeňçi guramanyň uly bölegini "ýok etmek" üçin pitneçileriň garşysyna alnyp barylýan häzirki ýaragly kampaniýanyň güýçlenmegine şaýat bolmagymyz mümkin.

AKP bilen HDP

Jogapsyz ýatan esasy sorag şu: häkimiýet başyndaky AKP hökümeti PKK ýa HDP bilen gepleşik geçirmese, onda kim bilen geçirer? AKP-niň içindäki Miroglu ýaly etnik kürt agzalaryň we resmileriň hökümetiň edýän synanyşyklaryna köpräk goldaw tapmak üçin öz işjeňliklerini artdyraryna garaşylýar. Aslynda, Türkiýäniň kürt azlygynyň uly böleginiň ýaşaýan ýeri bolan günorta-gündogar Anatoliýada iki sany esasy syýasy güýç bar. Bularyň biri HDP, beýlekisi hem AKP.

HDP bilen PKK solçy we kürt milletçilik düşünjelerine wekilçilik edýärler. AKP-niň, şeýle hem beýleki milli partiýalaryň agzalary bolsa özlerini diňe bir meselä baglap goýanoklar.

PKK bile HDP aradan aýrylsa, onda türk hökümeti kim bilen gürleşer? Bu jogaby aşa kyn bir sorag, aýratyn-da özbaşdak kürt döwleti hakda edilýän çagyryşlaryň ýygy-ýygydan eşidilýän häzirki wagtda.

Türkiýe ýurduň günorta-gündogarynda ýaşaýan kürtleri konfliktsiz özüne çekmek we ol regionlarda maýa goýmak arkaly halkyň güzeranyny ýeňilleşdirmek bilen häzirki urşy togtadyp bilermi?

AKP we beýleki partiýalaryň etniki kürt bazasy 15-20 million ilatly jemagatda köplügi özüne çekerlik güýje eýemi?

AKP bilen beýleki syýasy partiýalaryň "täze faza" barada orta atylmaly bu esasy soraglara anyk jogaby ýoga meňzeýär. Türkiýäniň "kürt meselesini" çözmekde "täze faza" degişli taraplaryň hemmesi üçin uly töwekgelçilik bolsa gerek.

XS
SM
MD
LG