Sepleriň elýeterliligi

Weznejilerdäki hüjümiň yzýany...


Stambulyň Weznejiler etrapçasynda bolan hüjüm. 7-nji iýun, 2016 ý.

Stambulyň Weznejiler etrapçasynda bolan hüjüm. 7-nji iýun, 2016 ý.

Stambulyň bir mähellesinde janyndan geçen hüjümçiniň ençeme adamyň başyna ýetmegi Türkiýäniň öz kürt azlygy bilen bolan gatnaşygynyň howply häsiýetini görkezýär.

Iki hepde mundan ozal Izmirde bir sagatçynyň dükanynda sagadymy bejerdip otyrkam gürrüňe höwesjeň ussa öz pikirlerini aýdyp, derrew syýasatyň, prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň üstünden bardy. Türkiýede bular ýaly zatlar geň hem görlüp ýörlenok.

Hökümet tarapyndan "Kürdistanyň işçiler" partiýasynyň (PKK) kürt jeňçileriniň we olaryň yzlaryna eýerýänleriň garşysyna obadyr şäherlerde berk harby kampaniýa alnyp barylýan häzirki wagtda meni sagat ussasynyň Türkiýeniň "kürt meselesine" nähili garaýandygy gyzyklandyrýardy.

Men: "Hawa, düşünýärin, olar hem goşunyň, hem howpsuzlyk güýçleriniň, hem-de parahat ilatyň garşysyna terrorçylykly uruş alyp barýarlar" diýdim.

“Erdogan indi howsalaň içinde”

"Ýöne özüňiz bir pikir edip görüň, hökümet kürt militantlarynyň uly bölegini ýok edip, bolýan hüjümleriň sanyny we ýygjamlygyny azaltsa, onda gepleşik geçirere kim galar? Iň soňunda, bir syýasy çözgüt gerek bolar, harby operasiýalar muny üpjün edip bilmez. Häzir kürtleriň arasynda PKK bir altenatiw ýoga meňzeýär".

PKK Türkiýäniň garşysyna 32 ýyl bäri uruş alyp barýan jeňçi kürt guramasy. Ony diňe Türkiýe däl, eýsem Birleşen Ştatlar we Ýewropa ýurtlarynyň hem aglabasy terroristik gurama diýip ykrar edýärler.

Husnu Beýiň esasy tanykydyny Erdoganyň garşysyna gönükdirjekdigi belli zat. Ol atatürkçi.

Husnu Beý: "Biziň kürt watandaşlarymyzyň uly bölegi PKK-nyň terroryna garşy" diýip jogap berdi. "Ýöne Erdogan olary ýaragsyzlandyrman PKK bilen gürleşmek kararyna geldi. Bu aralykda PKK hususy öýleriň ýerzemininde müňlerçe ýarag we tonnalap ok-däri toplap goýdy. Biz ýaragly adamlar bilen gürleşmeýäris. Erdogan indi howsalaň içinde, ol kime, nirä hüjüm etjegini bilenok".

"Ilki ýurdy terrordan arassalap, olaryň ýaraglaryny almaly. Ondan soň olara 'geliň, indi oturyp, gürleşeliň' diýmeli. Ozal alnyp barlan syýasat şeýledi, her ýyl bolýan hadysalar köp däldi. AKP [prezident Erdoganyň häkimiýet başyndaky Adalat we galkynyş partiýasy] häkimiýet başyna geleli bäri her hepde terrorçylykly hüjümlerde onlarça ýitgä uçraýarys. Ine gör, düýn Stambulda näme etdiler".

Weznejiler

Dogrudan hem, 7-nji iýunda PKK-nyň bir yzyna eýerijisi Stambulyň märekeli mähellesi bolan Weznejilerde polisiýanyň bir awtoulagyna hüjüm edip, alty sany polisiýa işgärini, parahat ilatdan hem 6 adamy öldürdi. 36-dan agdyk adam ýaralanyp, onlarça dükana we awtoulaglara zyýan ýetdi. 12 maşgala öz ezizlerini ýitirip, berbat boldy, tutuş ýurt gorka düşdi.

Janyndan geçen hüjümçiniň ady Eýlem Ýasa. Kürt milletçileriniň özleriniň "paýtagt" diýip yglan eden şäheri Diýabakyryň eteginde ýerleşýän Baglar obasynyň ýaşaýjysy bolan bu 32 ýaşly aýal, aýdylyşyna görä, ozal PKK-nyň demirgazyk Yrakdaky lagerlerinde, soňra hem Türkiýäniň öz içinde türgenleşik görüpdir.

12 adamyň başyny iýip, şunça gaýgy-gama, weýrançylyga sebäp bolan janyndan geçen hüjümçiniň jesedi 15-nji iýunda Baglara getirildi.

Onuň maşgala agzalary bu terroristiň jesedini Diýarbakyryň eteginde bir kiçeňräk gonamçylykda sessiz-üýnsüz jaýlandyr oýtýärmisiňiz?

Ýok. Olar muny "syýasy şowa”, ýagny “syýasy sergä” öwürdiler. Tabydyň üstüni PKK-nyň baýdagy bilen örtüp, ony gonamçylga aýallar alyp gitdi. Erkekler bolsa, barmaklary bilen ýeňiş alamatyny görkezip, hökümete garşy şygarlar berip, gygyryşdylar. Üstesine-de, kürt şäherçelerinden onlarça häkim gelip, ýasa gatnaşmak bilen özleriniň muny goldaýandyklaryny bildirdiler. Olaryň hemmesi hem "Halklaryň demokratik" partiýasy HDP-niň agzalary.

Türkiýäniň "döwlet terroryna" berilýän jogap

HDP iş ýüzünde PKK-nyň syýasy bölümi diýip bilinýär. Onuň 550 orunly türk parlamentinde 59 deputaty bar. Ol ýurduň gündogar we günorta-gündogar böleklerinde ençeme şäheriň geňeşlerine kontrollyk edýär.

Bu kürt watandaşlar näme zatlaryň bolandygyny bilmedilermikän? Olar ýurduň geljegi we türk-kürt etnik gatnaşykarlary hakda Türkiýä näme zatlary duýdurandyklaryny bildilermikän? Türkiýäniň Siriýa we Yrak bilen bolan serhet etraplarynyň gitdigiçe demirgazyk Sirýa meňzäp barýandygyny görmeýärmikän?

Hüjümden öň Eýlemden sorasaň, onuň bu ganhorlugy "azatlyk ugrandaky söweş" diýip aklajakdygyna şübhe ýok. Ol, gürletseň, terrorizmi ýazgarar, "Yslam döwletini" berk ýazgarar. Ýöne onuň çyn ýürekden PKK başga zat diýip pikir etmegi ähtimal. Onuň eden işi we şular ýaly hüjümler "gowy" terroristik hüjümler, kürt jeňçileriniň, öz gazaply hereketlerini aklamak üçin ulanyşy ýaly, Türkiýäniň "döwlet terroryna" berilýän jogap.

PKK bilen onuň yzyna eýerijiler atyşykylary bes etmek ylalaşygyny 2015-nji ýylyň tomsunda ýatyraly bäri olar ýaraglaryny çykaryp, Eýlem ýaly jeňçilerine harbylara, howpsuzlyk nyşanalaryna, şeýle hem parahat ilata hüjüm etmek boýunça buýruk berdiler. Aýdylyşyna görä, olaryň harby ýolbaşçylary "Türkiýede, obalarda we şäherlerde hemme ýere" zarba urmaly diýipdirler.

Hökümet hem muňa berk, köplenç hem yzgytsyz gaýtargy berdi.

PKK bilen Türk harbylarynyň arasynda ençeme aýa çeken çaknyşyklardan bäri indi günorta-gündogardaky şäherleriň käbiri Siriýanyň bombalanyp, harabalyga öwrülen şäherlerine çalym edýär.

Diýarbakyr "gonamçylygyndaky demonstrasiýa" Türkiýäniň kürt azlygynyň köpüsine wekilçilik edýärmi ýa etmeýärmi, ony bilemok. Ýöne edýän däldir diýip umyt edýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG