Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Erdoganyň Türkiýesinde ‘diňe haýwanlar namaz okamaýar’


Stambulyň Taksim meýdançasynyň golaýynda ýaşaýjylar agzaçara gatnaşýarlar.

Stambulyň Taksim meýdançasynyň golaýynda ýaşaýjylar agzaçara gatnaşýarlar.

Oraza aýy bütin dünýäde musulmanlaryň agyz bekleýän aýy. Ankara uniwersitetinden teologiýa, ýagny hudawy ylymlaryň professory Mustafa Aşkar "TRT1" döwlet telekanalyna interwýu berýär. Tema: "Oraza aýynyň şatlygy".

Ol Awstraliýada bir haýwanat bagynda öz kärdeşleri bilen bolan bir gürrüňi ýatlaýar, "Adamlar näme üçin namaz okadym, agzymy bekledim diýip öwünýärler?" diýip sorag berýär. Soňra hem: "Bu bir gowy zat däl, bu siziň borjuňyz" diýýär.

Aşkar tolgunyp, haýwanat bagynda haýwanlara seredeniňde, şuňa göz ýetirýärsiň: "Ähli janly-jandarlaryň arasynda namaz okaýan diňe adamzatdyr. Bilnişi ýaly, haýwanlar namaz okanoklar. Goý, açyk aýdaýyn, muny Gurhan-da aýdýar. Hiç kim kyn görmesin, bu diňe haýwanlar namaz okanok diýmekdir. Bu namaz okamaýanlar haýwandyr diýildigidir" diýýär.

Türkiýede 14 ýyl mundan ozal, "Adalat we Galkynyş" partiýasy we onuň ýolbaşçysy Rejep Taýýyp Erdogan häkimiýet başyna gelmezden öň, bular ýaly zatlar ýokdy.

Reaksiýalar

Edilen iş bolmady. Ahyrsoňy adamlar muny görüp, wideo ýaýrap ugrady. Muny ilki ýaýradan “garaşsyz habar serişdeleri” boldy, soňra hem yzyny tutuş sosial ulgamlar we bloglar alyp göterdiler.

"Professoryň" aýdan zatlary barada hökümet sözçüsi we premýer-ministriň orunbasary Nurettin Janiklä sorag berlende ol muny ýazgarmady, belli bir pikir-de aýtmady. Janikli: "Meniň pikirimçe, bu bilgeşleýin çişirilýär. Bu ýerde bikanun zat bar bolsa, oňa prokurorlar gararlar" diýdi.

Ýöne reaksiýa garaşylanynda has güýçli bolana meňzeýär. Ahyrsoňy, käbir delillere görä, "professor" peýda bolup, özüne "nädogry düşünilendigini" aýdyp, bu nädogry düşünilme üçin ötünç sorady.

Gynançly ýeri, hökümet tarapyndan "berk ündelýän" we bilinýän dini dessurlary ýerine ýetirmek islemeýänleri gynaýan ýeke bu däl.

Restoranlar

Oraza aýlarynda köp restoranlar agzaçar üçin ýörite naharlar, programmalar hödürleýärler.

Egeý deňziniň ýakasynda ýerleşýän kurortlaryň birinde men bir dükançy bilen gürleşip, hemmeleriň agyz beklejek ýa restoranlarda hiç kimden ýaşyrman nahar iýjek bolsa, muny edip bilýändigine ýokary baha berýändigimi aýtdym. Onda ol ýylgyryp: "Hawa, Ortaýer deňziniň plýažlarynda şeýle. Sebäbi hemmeler turizmden güzeran aýlaýar" diýdi. Dükançy soňra hem: "Ýöne bar, 50 kilometr ýurduň içrägine girip gör. Onsoň köçelerde nähili çilim çekýäniňi ýa suw içýäniňi görersiň!" diýip sözüniň üstüne goşdy.

Bir adam Gara deňziniň ýakasynda ýerleşýän demirgazyk Trabzon şäherinde özüni selfie usulynda wideo düşüripdir. "Trabzonyň köçelerine seret, geçip barýan adamlara seret. Çilim çekýän, nahar iýýän ýa suw içýän barmy? Demokratiýa, bular ýaly zatlar gaty gowy. Ýöne eger Trabzonda gündiz nahar edinseň, Hudaýdan kasam edýärin, gözüňi oýarlar".

Muňa garamazdan, Orta Gündogardaky goňşularynyň köpüsi bilen deňäniňde Türkiýe gowy. Bu ýollar gitdigiçe baglansa-da, muňa "ýok" diýmäge ýol ýok.

Namaz okamaýanlara dil ýetiren teologiýa professoryny Stambulyň Beýkoz etrabynyň bir ýaşaýjysy suda berdi. Ol muny: "Men ömrümde namaz okamok. 2015-nji ýylda geçirilen bir barlagyň görkezmegine görä, Türkiýede ilatyň 27.5 prosenti, dünýä ilatynyň hem 85 prosenti asla namaz okamaýar. Bu tutuş dünýä boýunça milliardlarça adama dil ýetirmek" diýip delillendirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG