Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rioda yene iki türkmen türgeni güýç synady


Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpiýa oýunlaryndan bir pursat. 8-nji awgust, 2016 ý.
Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpiýa oýunlaryndan bir pursat. 8-nji awgust, 2016 ý.

Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpia oýunlarynda türkmen türgenleriniň ýene ikisi öz ukybyny synap gördi.

8-nji awgustda türkmen toparynyň düzüminden dzýudoçy Ruşana Nurjowowa aýallaryň arasynda 57 kilogram agrama çenli kategoriýada wengriýaly türgen Hedwig Karakas bilen güýç synap, 101-0 hasap bilen ýeňildi.

Şeýle-de, duşenbe güni erkekleriň arasynda 75 kilogram agrama çenli kategoriýada boksçy Arslanbek Açylow wengriýaly türgen Zoltan Harça bilen bäsleşdi. Emma Açylow ilkinji tutluşykda 2-1 hasap bilen ýeňlip, medal ugrundaky ýaryşdan çykdy.

Häzir 31-nji gezek geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sportsmenleriň mundan ozal hem üç sanysy çykyş etdi.

Ilki bilen dzýudo boýunça halkara derejesindäki sport ussady, 2014-2015-nji ýyllarda iki gezek Türkmenistanyň iň gowy atleti adyna mynasyp bolan we halkara derejesindäki dünýä we aziýa ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän Gülbadam Babamyradowa çykyş etdi.

Babamyradowa aýallaryň arasynda 52 kilogram agrama çenli kategoriýada ispaniýaly Laura Gomes (Laura Gómez) bilen güýç synanyşdy. Emma Türkmenistanyň umyt bildirýän sport ussady Babamyradowa ilkinji tutluşykda ýeňlip, medal ugrundaky ýaryşdan çykdy.

Şeýle-de ýekşenbe güni ýüzüji Darýa Semýonowa bras ýüzmek usuly arkaly 100 metr aralykda öz güýjüni synap gördi. Semýonowa bu aralygy 1:19.84 wagtda geçip, 44 ýüzüjiniň arasynda 41-nji orny eýeledi.

Ýekşenbe güni türkmen türgenlerinden ýüzüji Merdan Ataýew hem ýaryşda çykyş etdi. Ataýew 100 metr aralygy arkan ýüzmekde bäsleşdi. Onuň görkezen wagty 56.34 sekunda deň bolup, ol ýaryşyň bu görnüşi boýunça bäsleşen 39 ýüzüjiniň arasyndan 33-nji bolup pellehana geldi. Ýüzugra aýtsak, Ataýew bäsleşikde görkezen wagty bilen ýüzmegiň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň milli rekordyny täzeledi.

Olimpiýa Komitetiniň berýän maglumatyna görä, Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiada Türkmenistandan jemi dokuz türgen ugradylypdyr.

Türkmen toparynyň düzüminden ýekedaban zyňmak boýunça türgen Amanmyrat Hommadow, 100 metr aralygy ylgamaly ýüwrük Ýelena Rýabowa, agyr atletikaçylar Hojamuhammet Toýçyýew we Gülnabat Kadyrowa dagylar öz güýçlerini entek ýene synap görmeli bolarlar.

XS
SM
MD
LG