Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Ynanç haty bolmasa, sürüjilere agyr jerime salnar


Aşgabatda ýoluň gyrasynda duran polisiýa işgärleri.
Aşgabatda ýoluň gyrasynda duran polisiýa işgärleri.

Türkmenistanda ynanç haty bolmazdan öz eýeçiliginde bolmadyk awtoulaglary sürýän sürüjilere salynýan jerimäniň möçberi 12 esse ýokarlandyryldy diýip, “Türkmen inisiatiwasy” neşiri habar berýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem tassyklap, şu ýylyň fewral aýynyň başyndan güýje giren täze düzgüne laýyklykda, ynanç haty ýok ýa-da onuň möhleti geçen sürüjilere salynýan jerimeniň möçberiniň 50 manatdan 600 manada çenli ýokarlandyrylandygyny aýdýarlar.

“Ynanç hatynyň möhleti geçen bolsa ýa-da aslynda ýok bolsa, onda awtoulagy sürüp oturan sürüjä ilkinji gezek 600 manat jerime salynýar hem-de awtoulag onuň elinden alnyp, ýörite duralga äkidilýär. Soňra awtoulagyň eýesi şol duralga baryp, görkezilen ýere 300 manady bank hasabyna geçirenden soňra, alyp gaýdyp bilýär. Şeýlelikde, şol bir waka üçin tölenýän töleg 900 manada deň” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden Aşgabadyň Köçe-ýol hereketi gullugynyň ofiserleriniň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Fewral aýyndan bahasy artdyrylan tölegler diňe munuň bilen çäklenmeýär. Mundan ozal, türkmenistanlylar öz hossarlaryna awtoulagyny sürmäge bermek hakyndaky 3 ýyllyk ynanç haty üçin, 150 manat tölän bolsa, indi ol 300 manada çykaryldy. Şeýle-de, öň ynanç haty almak üçin tölenýän notarial hyzmata 15 manat tölenen bolsa, indi bu hem 35 manada ýetirildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan bir ýyl ozal, Türkmenistanda her bir adam öz hususy eýeçiliginde ençeme awtoulagy saklap, olary ynanç haty arkaly islän adamyna sürmäge berip bilýärdi.

Emma 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda kabul edilip, maý aýynda güýje giren karara laýyklykda, bir adamyň öz hususy eýeçiliginde diňe bir awtoulagy saklamaga haky bar. Şeýle-de, awtoulag eýesi öz ulagyny diňe golaý hossarlaryna, meselem, ene-atasyna, ogul-gyzyna, doganyna ýa-da sürüji diýlip hakyna tutulan adama üç ýyl möhlet bilen sürmäge, ulanmaga berip bilýär.

Şol bir wagtda, Aşgabat şäherinde ýekeje notarial kontora hereket edýär. Paýtagtyň Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän notarial kontorada diňe ynanç haty tassyklatmak işi däl, eýse, jaý ýa-da ulag satmak-satyn almak ýaly beýleki hukuk işleri hem amala aşyrylýar.

Munuň netijesinde, bu edaranyň adamlaryň talabyny wagtynda ödäp bilmeýändigini, onuň öňünde ir säherden tä agşama çenli nobatlaryň emele gelýändigini we bu ýagdaýyň ýaşaýjylaryň durmuşyny has-da kynlaşdyrýandygyny käbir ýerli synçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG