Sepleriň elýeterliligi

BMG: Yrakda gumanitar pajyga güýçlenýär


Fallujadan gaçyp çykýan parahat ilat.

Fallujadan gaçyp çykýan parahat ilat.

Birleşen Milletler Guramasy Yrakda gumanitar pajyganyň gitdigiçe artýandygyny, kömekçi guramalaryň işgärleriniň Fallujadan gaçyp çykýan parahat ilata ýeterlik ýardam bermekde kynçylyk çekýändigini aýdýar. Hökümet güýçleri öten hepde bu şäheri "Yslam döwleti" atly jeňçi topardan gaýtaryp aldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar gullugynyň (UNHCR) Yrakdaky wekili Bruno Geddonyň aýtmagyna görä, halkara kömek guramalary "barha ýaramazlaşýan ýagdaýa hötde gelmekde kynçylyk çekýärler".

17-nji aprelde hökümet Fallujanyň uly bölegini öz kontrollygyna geçirendigini yglan edeli bäri, on müňe golaý maşgala barýan söweşlerden gaçyp, şäheri terk etdi diýip Birleşen Milletler Guramasy maglumat berýär.

Gazaply söweşler

Geddonyň bildirmegine görä, öňümizdäki birnäçe günlükde bosgunlaryň ýene bir tapgyryna garaşylýar, sebäbi Fallujanyň dürli böleklerinde barýan söweşler zerarly entek şäherden çykyp bilmän oturan müňlerçe adam bar.

Yragyň hökümeti Fallujany "Yslam döwleti" toparyndan azat etmek üçin maý aýynda gury ýer operasiýalaryna başlaly bäri, Fallujanyň özünden we onuň töweregindäki etraplardan 84 müňden agdyk adam gaçyp çykdy.

Yragyň bir harby işgäriniň bildirmegine görä, Fallujany azat etmek ugrunda terrorizme garşy ýörite güýçler bilen jeňçileriň arasynda gazaply söweşler dowam edýär.

Brigada generaly Haýdar al-Obeýdi "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileriniň dynç alyş günlerinde raketa hüjümine geçendigini, janyndan geçen hüjümçileriň ulaglarda bomba partladandygyny habar berdi.

Müňlerçe adam penasyz

Onuň aýtmagyna görä, gazaply çaknyşyklara garamazdan, Yragyň ýaragly güýçleri Fallujada ilerlemegi dowam etdirýär.

17-nji iýunda Yragyň premýer-ministri Haýda al-Abadi ençeme hepdeläp dowam eden söweşlerden soňra Fallujanyň uly bölegi eýelenenden soň, hökümet güýçleriniň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Anbar welaýatynda iş alyp barýan "Norwegiýanyň bosgunlar geňeşi" atly kömek guramasy Yrak hökümetine we beýleki kömek guramalaryna degişli lagerlerde gelýän bosgunlara indi ýer ýokdugyny, müňlerçe adamyň penasyz galandygyny aýtdy.

Bu guramanyň sözçüsi Karl Şemberiň aýtmagyna görä, müňlerçe adam "çadyrsyz, penasyz gijelerine daşarda ýatýarlar".

Ol: "Anbar welaýatynda ýagdaýa juda agyr" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

2014-nji ýylyň tomsunda "Yslam döwleti" topary demirgazyk we günbatar Yragyň uly regionlaryny eýläli bäri, Yrakda 3.4 million adam öý-owzardan aýryldy.

XS
SM
MD
LG