Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howza girmeýän musulman gyzlara raýatlyk berilmändir


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Şweýsariýanyň hökümeti golaýda oglanlar bilen gyzlaryň bilelikde okaýan mekdebinde, oglanlar bilen bir howuzda ýüzmek islemeýän musulman bosgun gyzlara graždanlyk bermekden ýüz öwürdiler.

Bu habary "USA Today" atly gazet Şweýsariýanyň metbugatyna salgylanyp çap edipdir.

Habarda beýan edilmegine görä "Atlary gizlin saklanýan gyzlar, öz dini ynançlarynyň howuzda oglanlar bilen bile ýüzmek sapagyna gatnaşmaga garşydyklaryny bildiripdirler. Mekdebiň resmileri bolsa, okuwçy gyzlaryň magaryf kadasyna eýermeýändigi sebäpli, olaryň raýatlyk arzalarynyň ret edilendigini habar beripdir".

"USA Today" gazetiniň ýazmagyna görä, "ABŞ we beýleki köpsanly ýurtdan tapawutlylykda Şweýsariýada graždanlyga kabul edilmek üçin jemgyýete utgaşyklylyk, ýurduň taryhy we syýasaty baradaky maglumatlary bilmekden has wajyp rol oýnaýar. Raýatlyga ýüz tutanlar ýurduň ähli kada-kanunlaryny berjaý etmek bilen birlikde özleriniň jemgyýete doly utgaşandyklaryny, ýerli adatlara, däp-dessurlara we edim-gylymlara salykatly çemeleşýändiklerini hökman subut etmeli".

Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) maglumatlaryna görä, Şweýsariýanyň ilatynyň takmynan ýüzden 5 göterimi musulmanlardan ybarat. Ýurduň ilatynyň ýüzden 70-den gowrak prosenti bolsa haçparazlar we umumy ilatyň ýüzden 21,4 göteriminiň-de haýsydyr bir dini ynanjy ýok. Ýurduň esasy kanunynda "din we wyždan azatlygy", raýatlaryň "özbaşyna ýa-da başga adamlar bilen bilelikde" dini ýa-da pelsepe dünýägaraýşyny "saýlap almaga" we oňa "doly eýermäge" kanuny ygtyýar berilýär.

Ýöne soňky ýyllarda Şweýsariýanyň hökümeti, öz kanuny ygtyýaryndan ugur alyp, ýurtdaky musulman bosgunlaryň arasynda medeni assimilýasiýanyň gerimini giňeltmäge başlady.

XS
SM
MD
LG