Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rus protestlerindäki tussag etmeleri ýazgardy


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Birleşen Ştatlar Orsýetde ýüzlerçe protestçiniň tutulmagyny ýazgaryp, korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalnynyň tussag astynda alynmagynyň özüni “biynjalyk” edendigini aýtdy.

26-njy martda çykarylan bir beýannama Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner: “Orsýetiň hökümetini parahatçylykly protestçileri derhal boşatmaga çagyrýarys” diýdi.

“Parahatçylykly protestçileri, adam hukuklarynyň synçylaryny we žurnalistleri saklamak demokratik gymmatlyklaryň özenini kemsitmekdir” diýip, Toner aýtdy.

Ol soňra hem Nawalnynyň tutulmagynyň Waşingtony “biynjalyk” edendigini belledi.

Müňlerça adamyň gatnaşmagynda Orsýetiň dürli şäherlerinde köpçülikleýin demonstrasiýa geçirilýärkä, polisiýa Nawalnyý bilen ýüzlerçe protestçini tutdy.

Nawalnyý 26-njy martda paýtagt Moskwada, öz tarapdarlary bilen bir metrostansiýadan daşary çykanda tussag edildi.

2013-nji ýylda geçen saýlawlarda Moskwanyň meri bilen bäsleşige giren we özüniň 2018-nji ýylda geçjek prezident saýlawlaryna goşuljakdygyny yglan eden Nawalnyý tarapdarlaryny, özi bolmasa-da, protestleri dowam etdirmäge çagyrdy.

Ol polisiýanyň awtoulagynda äkidilip barýarka: “Oglanlar, maňa bolan zat ýok. Twerskä tarap gidiň” diýip, tweet ýazdy.

Nawalnyý soňra hem türmede oturan ýerinden “Twitterde” özüniň protestçilere “guwanýandygyny” aýdyp, adamlaryň tutulmagy “düşnükli” diýip ýazdy.

“Ogrularyň goranyşy şeýledir. Ýöne korrupsiýa garşy hemme adamy tutup bolmaz. Biziň sanymyz millionlarçadyr”.

Nawalnynyň Anti-korrupsiýa fondunyň metbugat wekili “Twitterde” onuň bir gije türmede saklanyp, 27-nji martda kazyýete getiriljekdigini aýtdy.

Hökümete degişli däl gurama OWD-info Moskwada tutulan adamlaryň sanyny 800-den gowrak diýip çaklaýar.

Ýöne polisiýanyň 27-nji martda çykaran beýannamasynda protestleriň dowamynda “500 çemesi” adamyň tutulandygy aýdylýar.

Orsýetiň habar gullugy “Interfaks” Sankt Peterburgda tutulanlaryň sanyny 130 diýip berdi.

26-nji martda geçen protestlerde ünsi çeken zat onuň häkimiýetlerden rugsatsyz geçirilendigi. Soňky wagtlarda çykarylan kanunlarda şäher häkimiýetleri tarapyndan rugsat edilmedik protestler üçin jeza çäreleri ýokarlandyryldy.

Nawalnyý dekabrda 2018-nji ýylyň martynda geçjek prezident saýlawlarynda dalaşgär boljakdygyny, ýagny täze alty ýyllyk möhlete dalaş ederine garaşylýan Putin bilen bäsleşige çykjagyny yglan etdi.

Ors häkimiýetileriniň bellemegine görä, Nawalnynyň maliýe jenaýatlary boýunça iş kesilenlik aýyby ikinji basgançakly kazyýetde tassyklansa, onda ol saýlawdan mahrum ediler. Ýöne Nawalnyý muňa garamazdan, öz kampaniýasyny dowam etdirýär.

Nawanyý özüne ozal iki gezek iş kesilmegini Putine garşydygy üçin syýasy sebäpli diýip häsiýetlendirýär.

XS
SM
MD
LG