Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen resmisi 20 ýylda ilkinji gezek Ysraýyla bardy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyla eden üç günlük resmi saparyny 31-nji maýda tamamlady. Bu soňky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda ýokary derejeli türkmen resmisiniň Ysraýyla eden ilkinji resmi sapary boldy diýip, Ysraýylyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

29-njy maýda başlan gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli resmisi bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň “syýasy we ykdysady pudaklarda özara gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak barada ylalaşandyklary” habar berilýär. Emma bu ylalaşyklaryň jikme-jikligi barada maglumat berilmeýär.

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda türkmen daşary işler ministriniň ysraýyl resmileri bilen ýurduň “Ýad Waşem” atly esasy ýadygärligine hem baryp görendigi aýdylýar.

Ysraýyl ilçileri birnäçe gezek ret edildi

Şeýle-de, türkmen resmisiniň eden bu sapary bilen baglanyşykly Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş müdiri Dore Gold hem 30-njy maýda “Twitter” sosial ulgamyndaky sahypasynda tweet ýazyp, “Ysraýyl Türkmenistanyň bitaraplygyna hormat goýýar. Bu Eýran bilen 1000 kilometr çemesi serhet araçägi bolan örän möhüm Merkezi Aziýa ýurdy” diýdi.

Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar metbugat serişdelerinde peýda bolan käbir meseleler bilen ençeme ýyl bäri ünsi özüne çekip gelýär. Muňa Aşgabadyň, Türkmenistana ugradylan ysraýyl ilçileriniň ygtyýarlylyklaryny birnäçe gezek ret edip, ahyr-soňy 2013-nji ýylda ilçi Şemi Tzuryň ýurtdaky wekilçiligini tassyklamagyny mysal getirip bolar.

Aňtaw maglumatlaryny ýygnamak

2011-nji ýylda “Haaretz” neşiri Ysraýylyň Daşary işler ministrligindäki çeşmä salgylanyp, Türkmenistan Ysraýylyň ilçisi Haim Koreniň “diplomat däl-de, içalydygyny” aýdyp, Ysraýyla onuň ygtyýarlylygyny kabul etmeýändigini mälim etdi diýip habar beripdi. Maglumatda Aşgabadyň muňa Koreniň Glilotdaky Milli howpsuzlyk kollejinde bilim almagyny delil görkezendigi aýdyldy.

Şeýle-de, ysraýyl neşiriniň maglumatynda, Aşgabadyň 2009-njy ýylda hem Ysraýylyň “Mossad” atly milli aňtaw gullugynda işlän Reuwen Danieliň (Reuven Daniel) Türkmenistandaky ilçilik ygtyýarlyklaryny ret edendigi nygtalýar.

“The Jerusalim Post” neşiriniň 31-nji maýda beren maglumatyna görä, Aşgabat gürrüňi edilen bu iki ilçiniň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek bilen däl-de, Eýran yslam respublikasy barada aňtaw maglumatlaryny ýygnamak bilen gyzyklanandygyny öňe sürüpdir.

Şol bir wagtyň özünde daşary ýurt media serişdelerinde berilýän bu maglumatlar ýa-da türkmen daşary işler ministriniň Ysraýyla eden iş sapary barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda maglumat tapdyranok.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG