Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: “Saglyk aýynyň” öňüsyrasy çilim has-da gymmatlady


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanda döwlet derejesinde mahabatlandyrylýan “Saglyk aýynyň”, ýagny aprel aýynyň golaýlamagy bilen Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda çilimiň bahasy gymmatlap başlady.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, Türkiýede we Germaniýada öndürilen temmäki önümleri geçen hepdäniň ahyrynda 40-43 manada satylan bolsa, häzir olar 47-48 manada durýar. Dubaýda we Ýewropa ýurtlarynyň käbirinde öndürilen çilimleriň bahasy öň 80-115 manat aralygynda bolsa, indi 85-120 manat aralygynda satylýar.

Çilimiň gymmatlamagyna il içinde “Saglyk aýynda” hususy eýeçilikdäki dükanlarda temmäki önümlerini we spirtli içgileri satmaga düýpli gadaganlyk giriziljekdigi we olara öňküsinden-de berk gözegçilik ediljekdigi barada gürrüňleriň ýaýramagynyň sebäp bolandygy aýdylýar.

“Adamlar geçen ýyllardaky tejribeleriň gaýtalanmagyndan howatyrlanyp, maddy ýagdaýy bolanlar öňünden bir aýa ýeter ýaly çilim satyn almaga synanyşýarlar. Dükan eýeleri hem “bir aýyň dowamynda çilim satyp bilmeris, ondan gazanjymyz bolmaz” diýip, çilimleriň bahasyny gymmatladýarlar. Mart aýynyň soňky iki-üç günlüginde çilimiň mundanam beter gymmatlajagy aýdylýar” diýip, aşgabatly 44 ýaşyndaky çilimkeş Durdymyrat (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Çäklendirmeler we gadaganlyklar

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda indi üçünji gezek “Saglyk aýy” diýlip yglan edilýän aprel aýynda mundan öňki ýyllarda çilimiň we spirtli içgileriň satuwyna belli bir derejede çäklendirmeler girizilipdi. Şonda döwlet dükanlarynda çilimi diňe agşamara satmaga rugsat berlip, spirtli içgileriň söwdasy bolsa doly diýen ýaly gadagan edilipdi.

Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanda çilimiň söwdasynyň ähli ygtyýarlyklary prezidentiň karary esasynda ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berlip, hususy dükanlarda temmäki önümlerini we spirtli içgileri satmak döwlet derejesinde gadagan edilen bolsa-da, olaryň satuwy “ýarym gizlin, ýarym açyk” ýagdaýda henizem dowam edýär. Döwlet dükanlarynda bolsa indi tas iki aýa golaý wagt bäri çilim satylmaýar.

Ýerli synçylaryň käbiriniň sözüne görä, ýurtda “temmäkä garşy göreşi güýçlendirmek” diýlip, soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çilimiň söwdasyna ençeme tapgyr çäklendirme girizilse-de, çilimkeşleriň sany azalmaýar. Munuň deregine, “pes hilli” temmäki önümlerini ýa-da nasy ulanýan adamlaryň sany artýar.

“Nasa geçýänler köpelýär”

“Hili pes temmäkini satyn alyp, şoňa geçýänler bar. Hatda şol temmäkiden, “mahorkadan” ýekeje däne çilim ýasap, onam 3-5 manatdan satýarmyşlar. Ine, şony satyn alýanlar bar. Onsoňam, umuman, çilimiň ornuny tutýar diýip, nasa geçenler hem bar. Nasam tapmak, çilimi tapmakdanam çylşyrymly diýip, nasa geçenler ýa-da öňden nas atyp gelýänler gürrüň berýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, 7-nji aprel Bütindünýä Saglyk gününe gabatlap, Türkmenistan indi birnäçe ýyl bäri her ýylyň aprel aýyny “Saglyk aýy” diýip yglan edýär. Bu aýyň başlanmagy bilen döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlaryň studentleri Aşgabadyň “Köpetdag etegi” diýlip atlandyrylýan dag etegindäki aýlawlardan tigirli geçýärler. Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda marafon geçirilýär.

Mundanam başga, ýurduň dürli künjeklerinde ençeme sport çäreleri geçirilip, şol sanda her gün irden edara-kärhanalarda, ýokary okuw jaýlarynda, saglyk öýlerinde we mekdeplerde ähli işgärleriň, studentleriň we okuwçylaryň gatnaşmagynda bedenterbiýe maşklary geçirilýär.

XS
SM
MD
LG