Sepleriň elýeterliligi

Ýakynda ýürek näsazlygyndan ejir çekýän daşoguzly Aýnabat daýza saglyk bejergisi üçin, niýetlenen dermanlaryny satyn almaga baranda, adatdakysyndan tas sekiz esse köp pul, ýagny 600 manat tölemeli boldy.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Ýylgynly daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, 54 ýaşyndaky Aýnabat daýzanyň (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýtmagyna görä, hassahana resmileri munuň sebäbini onuň Türkmenistanyň raýaty däldigi bilen düşündiripdirler.

“Mundan üç gün ozal Daşoguz welaýatynyň merkezi hassahanasynda barlagdan geçdim. Doktorlar ýüregimiň adaty bolmalysyndan aşa uludygy sebäpli maňa däri-dermanlaryň ençeme görnüşini ýazyp berdiler. Bu dermanlary satyn almak üçin, hassahananyň dermanhanasyna baranymda, meniň pasportymy soradylar. Mende Türkmenistanyň pasportynyň ýokdugyny aýdyp, Migrasiýa gullugy tarapyndan berlen resminamany görkezdim. ‘Siz türkmen raýaty bolmasaňyz, onda 80 manadyň deregine 600 manat tölemeli bolarsyňyz’ diýdiler. Menem alaçsyz 600 manat töläp, dermanlary alyp gaýtdym” diýip, Aýnabat daýza gürrüň berýär.

Aýnabat daýzanyň 600 manada satyn alan däri-dermanlary.

Aýnabat daýzanyň 600 manada satyn alan däri-dermanlary.

Köneürgençde doglan Aýnabat daýza Sowet Soýuzy dargamazdan ozal özleriniň Özbegistandaky garyndaşlarynyň birine durmuşa çykyp, kakasy öýünden goňşy ýurda göçýär. Ýöne ol we onuň ogly garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda sowet döwrüniň pasporty bilen öz dogduk mekany Köneürgenje dolanmaly bolýarlar, emma şondan soň olara häzire çenli Türkmenistanyň raýatlygy berilmeýär.

“Pasportdan umydymy doly üzäýmesem, başga alajym ýok”

Olar sowet döwründäki pasportyny hem Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna tabşyrmaly bolýarlar, onuň deregine şahsyýeti anyklaýan ýörite resminama berilýär. Emma Aýnabat daýzanyň sözüne görä, bu resminamanyň şahsyýetiňi anyklamakdan başga hiç zada peýdasy degmeýär, hatda onuň bilen işe hem ýerleşip bolmaýar.

Şol sebäpli ol gündelik durmuşda býurokratik, şol sanda saglyk bejergisini almakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýar.

“Türkmenistanyň raýatlygy berilmeýändigi üçin, Saglyk kitapçasyny alyp bilmeýäris. Saglyk kitapçasy bolmany sebäpli dermanlary ýedi-sekiz esse gymmat bahadan satyn alýarys. Dermany satyn aldym, ýöne indem şol däri-dermanlaryň sanjymyny etdirmek üçin, doktora berer ýaly pulumyz ýok. Resmi raýatlygymyzyň bolmany sebäpli ne oglum, ne-de men işe ýerleşip bilýärin. Mal-gara bakyp, günümizi dolaýarys” diýip, Aýnabat daýza gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ol Türkmenistanyň raýatlygyny aljak bolup, şu wagta çenli ençeme edara arza ýazypdyr. “Ýagdaýymy düşündirdim, ýöne düşünmediler. Indi şu pasportdan umydymy doly üzäýmesem, başga alajym ýok” diýip, Aýnabat daýza aýdýar.

“Gaýdyp jaň etmäň şu telefona”

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, bu diňe Aýnabat daýzanyň başdan geçirýän kynçylyklary däl. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda ýaşaýan, emma dokument alyp bilmeýän daşardan gelen gelinleriň ýa-da etniki türkmenleriň müňlerçesi Saglyk kitapçasy ýoklugy sebäpli dermanlary gymmat bahadan satyn almaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň Bejeriş bölümi bilen habarlaşdy.

“Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk ýaşaýjylara Saglyk kitapçasynyň berilmeýändigi sebäpli, olaryň dermanlary gymmat bahadan satyn almaly bolýandygy barada habarlar gelip gowuşýar. Bu näderejede talaba laýyk?” diýen soragymyza, ministrligiň degişli resmisi (howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli ady gizlendi): “Olar ýaly biderek zat ýok. Olar ýaly biderek zat üçin bize jaň etmäň. Gaýdyp jaň etmäň şu telefona”diýip jogap berdi.

Ýeri gelende, ýatlatsak, 1994-1995-nji ýyllarda goňşy Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, Lebap welaýatyna göçürilip getirilen müňlerçe etniki türkmeniň hem aglabasyna indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen raýatlygy berilmeýär.

Türkmenistanyň media serişdelerinde Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň agzasy bolmak arkaly ähliumumy halkara ýagdaýlaryna strategiki derejede gatnaşýandygyny iş ýüzünde esaslandyrýar diýilýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, 2014-nji ýyla çenli ýurtda daşardan gelen 18 müň adama Türkmenistanyň raýatlygy berlipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG