Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan gelýän demirýola söweşijiler ‘howp salýar’


Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň göz öňünde tutulýan proýekti.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň göz öňünde tutulýan proýekti.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny işe girizmäge bagyşlanan maslahat geçirip, onuň gurluşygynyň noýabr aýynyň onlaryna çenli tamamlanjakdygyny yglan etdi.

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň resmi metbugatynda berlen maglumata görä, häzirki wagt Atamyrat – Ymamnazar – Akina demirýol liniýasyndaky gurluşyk-gurnama işleri, şol sanda kömekçi düzümleýin desgalary gurmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

“Bu ýoluň iki köprüsiniň gurluşygynda demir gurnawlary ýygnamak işi güýçli depginde dowam edýär. Bu işleri oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde, şol desgalardaky esasy gurluşyk-gurnama işlerini bolsa aýyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär” diýlip, maglumatda nygtalýar.

Gurluşygyna mundan üç ýyl çemesi ozal başlanan bu demir ýoluň Türkmenistanyň çägindäki bölegi Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinden başlanyp, takmynan 85 kilometr aralykdaky Ymamnazar etrabyna barýar. Onuň galan 3 kilometri Ymamnazar (Türkmenistan) we Akina (Owganystan) serhetýaka nokatlarynyň arasyndaky bölekden geçýär.

“Bu ýol Aziýa – Ýuwaş umman sebitine çykar”

Anna güni geçirilen maslahatda Berdimuhamedow Atamyrat - Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) demirýol liniýasynyň açylyş dabarasyny taýýarlamak baradaky komissiýany hem tassyklady. Türkmen mediasy bu komissiýanyň Aziýa halkara demirýol transporty koridorynyň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek üçin düzülendigini habar berýär.

Bu dabarada Atamyrat – Ymamnazar – Akina demirýol uçastogy bilen bilelikde, Lebap welaýatynyň Ymamnazar etrabyndaky gümrük punktynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak baradaky terminal hem açylar.

Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň başlangyç nokady Atamyrat şäherinden başlap, ony Owganystanyň Andhoý, Mazar-e Şarif şäherlerine, soňra-da Täjigistanyň Pýandž sebitine çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

“Bu ýol Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň çäginden geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykar” diýlip, resmi metbugatda habar berilýär.

“Söweşijileri ýok edip bilseler, hiç hili kynçylyk ýok”

Emma käbir ekspertler we syýasatçylar bu demir ýoluň uly bir böleginiň Owganystanyň demirgazygyndan, ýagny howpsuzlyk şertleriniň dartgynly bolup durýan territoriýalardan geçýändigini aýdyp, onuň Akinadan Täjigistana çekiljek böleginiň amala aşmak mümkinçiligine şübheli garaýarlar.

Owganystanyň Gunduz welaýat geňeşiniň deputaty Seýit Esedullah Sadatyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, häzirki wagt demir ýoluň Owganystandan geçjek bölegindäki obalaryň aglabasyna söweşijiler tarapyndan kontrolluk edilýär. Şol sebäpli ol beýle gurluşygy durmuşa geçirmegiň “häzirlikçe örän kyndygyny” aýdýar.

“Häzirki wagt howpsuzlyk ýaramaz. Howpsuzlyk üpjün edilmese, demir ýoly nädip çekerler? Şol “Talybana” paç-para berip demir ýoly çekäýmeseler, men başga nädip demir ýol çekjeklerini bilmedim. Agzalýan demir ýol Gunduz welaýatynyň Çardere we Kalaýzal etrabyndan geçmeli. Bu ýere söweşijiler kontrollyk edýär. Eger olar bu ýerdäki söweşijileri urup, ýok edip bilse, hiç hili kynçylygy ýok. Onda demirýoly çekip bilerler” diýip, deputat Esedullah Sadat belledi.

“Ýerli ilata iş orunlary dörär”

Şol bir wagtyň özünde, ol eger-de bu taslamanyň Owganystandan geçjek bölegi amala aşyrylsa, onda munuň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hem ýokarlanjakdygyny, iş ýerleriniň döremegine getirjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

“Bu demirýol gurulsa, onda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanar. Käbir ýerlerde myhmanhanalar, dükanlar, awtoduralgalar, çaýhanalar gurlar. Munuň netijesinde iş orunlary dörär. Bu ýerli ilat üçin örän gowy bolar. Ýöne esasy mesele söweşijiler, “Talyban” bilen ylalaşmakdan ybarat. Bu meselede biz hem elimizden gelen kömegi etmäge taýýardyrys” diýip, deputat Esedullah Sadat aýtdy.

Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň Atamyrat –Ymamnazar – Akina uçastogunyň düýbüniň tutulyş dabarasy 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde geçirildi.

Oňa türkmen lideri bilen birlikde demirýol ulgamynyň geçjek beýleki döwletleriniň ýolbaşçylary-da, ýagny Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon dagy gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG