Sepleriň elýeterliligi

2016-njy ýyl suratlarda

Ýowuzlyk ýakyn-gündogary sarsdy. Migrantlar Ortaýer deňzinde we Ýewropada howply syýahatlar başdan geçirdiler. Britaniýadaky we Birleşen Ştatlardaky ses berişlikde haýran galdyryjy netijeler çykdy. Bu suratlarda 2016-njy ýylda bolan käbir wakalar häsiýetlendirilýär.

Köpräk görkez

Minskde penjiresi buz tutan awtobusdan seredip duran oglanjyk. 5-nji ýanwar, 2016-njy ýyl, Belarus. (AFP/Sergei Gapon)
1

“Pussy Riot” atly rus aktiwist sungat toparynyň agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň 13-nji ýanwar güni Moskwada özüniň täze wideo klibini düşürýän pursady. “Çaýka” atly aýdymynda Russiýanyň Baş prokurory Ýuriý Çaýkany göz öňünde tutýar. (epa/Denis Sinyakov)
2

Birleşen Ştatlardaky Respublikan partiýasynyň prezident dalaşgäri Donald Trampyň suraty “West Des Moines” şäherinde bir öýüň daşyna asylgy dur. (Reuters/Jim Young)
3

Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Yrak serhetiniň ýakynyndaky kürt şäherçesi Silopide çaknyşyklar sebäpli harabaçylyga öwrülen öýde bir aýal we onuň çagalary. 19-njy ýanwar. (AFP/Ilyas Akengin)
4

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG