Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa "Yslam hatasyna" 100 ýyl owal uçrapdyr


Stambul bir wagtlar tutuş yslam äleminiň paýtagty bolupdyr.
Stambul bir wagtlar tutuş yslam äleminiň paýtagty bolupdyr.

“The Economist” žurnalynyň ýazmagyna görä, haçan-da bir ýewropa şäheri giň gerimli terrorçylykly hüjümden sarsan mahaly "uly tiražly" gazetler nirede hata goýberilendigi barada uly syýasy jedeli başladýarlar.

Her gezek ol syýasy jedellerde, Ýewropadaky yslama haýsam bolsa bir dini toparyň musulman azlyk hökmünde özboluşly hak-hukuklar berlip goldanmagynyň has bähbitli boljakdygy, ýa-da onuň tersine, jemgyýetiň bu tapawutly bölegini düýpli çäklendirmegiň has peýdaly boljakdygy barasynda söz açylýar. Käte-de bolup geçen terrorçylykly hüjümde, meselem Mýunhendäki ýetginjegiň sebäp bolan gyrgynçylyk hadysasynda bolşy ýaly, käbir adamlar munuň aslynda yslam bilen arabaglanyşygynyň ýokdugyny aýdýar.

“The Economist” žurnalynyň ýazmagyna görä, bu ugurda Amerikanyň Ýewropadaky yslam barada iş alyp barýan bilermeni şeýle jedelleşiklere düýpgöter täze we "adalatsyz", has başgaça bir ”sowgat” hödürleýär.

Jonathan Laurence "Frankfurter Allgemeine Zeitung" gazetinde "terrorçylygyň esasynyň aslynda yslam bilen arabaglanyşyklydygyny" öňe süren makala jogap hökmünde, Ýewropa yslamyndaky häzirki patologiýalaryň mundan br asyr owal goýberilen hatanyň urýan zarbalarydygyny nygtaýar.

Has dogrusy, mundan 100 ýyl owal oýlanyp tapylan nädogry syýasat barasynda gürrüň gozgalýar.

Britaniýalylar yslam äleminiň öňbaşçylygyny Osman soltanyndan alyp, haşemileriň lideri Hüseýn ibn Ali al-Haşemä tabşyrypdyrlar.
Britaniýalylar yslam äleminiň öňbaşçylygyny Osman soltanyndan alyp, haşemileriň lideri Hüseýn ibn Ali al-Haşemä tabşyrypdyrlar.

Makalada aýdylyşyna görä, 1916-njy ýylyň tomsundan başlap Britaniýanyň hökümeti we onuň harby hyzmatdaşlary Osman imperiýasynyň syýasy, ýagny has dogrusy, dini hökmürowanlygyna garşy arap taýpalaryny taýýarlamaga başlaýarlar. Munuň netijesinde Britaniýanyň goşunlary Ieursalime hüjüm edip, yslamyň mukaddes ýerlerdäki osman hökmürownlygyny syndyrýarlar.

Iňlisler Osman hökmürowanlygynyň deregine häkimiýeti Ieordaniýada hökümdarlyk edýän Haşimi maşgalasynyň ygtyýaryna tabşyrýarlar. Ýöne ahyrynda bu ýagdaýdan öz bähbidine peýdalanan tarap 1924-nji ýylda Mekke bilen Medinäni öz eline alan Saud şanyň maşgalasy bolýar.

Ýewropany Osman soltany goraýardy

Boston uniwersitetiniň professory Laurensiň bellemegine görä, şol wagta çenli ençeme ýyllap millionlarça musulman Osman imperiýasynyň baştutany bolan - soltana tabyn ekeni. Şol bir wagtyň özünde halyfat roluny oýnaýan bu imperiýa ulamalar, wagyzçylar we gazylar üçin iň ýokarky organ hasaplanypdyr.

Golaýda ýüz ýaşynda dünýäden öten Osman taryhçysy Halil Inaljyk aýtmyşlaýyn, dürli döwürlerde soltan-halyfatyň güýjüniň täsiri üýtgäp duranam bolsa, onuň dini häkimiýeti Britaniýanyň we Gollandiýanyň golastynda ýaşaýan 100 million musulmana hem diýseň güçli täsirini ýetirýärdi.

Türkiýeli alym Mustafa Akýoluň bellemegine görä, bu taryhy faktyň Birleşen Ştatlar üçin diýseň oňaýly netijeler beren täsiri hem bolupdyr. Meselem, osman soltany Abdulhamit II Filippiň musulmanlarynyň öz ýaşaýan arhipelagynda ABŞ-nyň hökmürowanlygyny kabul etmeginde diýseň täsirli rol oýnapdyr.

“The Economist” žurnaly Osman halyfatynyň öz golastyndakylar üçin diýseň oňaýly täsiriniň bolandygyny ýazypdyr. Şeýle güýçli täsiri ýok etmek üçinem Britaniýanyň diplomatiýasy 1870-nji ýyldan bäri global yslamyň güýç merkezini türklerden araplara geçirmek üçin diýseň agyr kynçylykly işleri durmuşa geçirmeli bolupdyr. Gollandiýa hem musulmanlaryň öz hutbalarynda halyfatyň adyny agzamazlygy üçin aýratyn tagalla edipdir. Alžiri we Marakeşi özüne bakna eden fransuzlar hem edil şolar ýaly meňzeş ugurda syýasat alyp barypdyrlar.

Tä 1912-nji ýyla çenli Liwiýa Osman imperiýasy eýeçilik edipdir we Stambulyň hökmürowanlygynyň tutuş Demirgazyk Afrikada diýseň güýçli täsiri duýlupdyr.

Boljagy bolupdyr...

Jenap Laurensiň pikirine görä, halyfatyň ýatyrylmagy bile dörän abraý boşlugyny soňra özüni "Yslam döwleti" diýip atlandyrýan toparyň baştutany Abu Bekr al-Bagdady ýaly ýa-da şoňa meňzeş dürli terrorçy toparlar eýeläp gelipdirler.

Alym aýtmyşlaýyn, Osman halyfatynyň öz döwründäki güýçli täsiri musulmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde Günbatara garşy garaýyşlaryň döremeginiň we global dini ekstremistik ulgamlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alypdyr.

Galyberse-de, osman halyplary, soltanlary Günbataryň amaly-haşam sungatynyň we aýdym-sazynyň muşdaklary bolupdyrlar.

“The Economist” žurnalynyň ýazmagyna görä, Laurensiň bu meselä çemeleşişiniň gaty ýüzleý bolşy ýaly, elbetde, Ýewropanyň yslamyny germetiki görnüşde yslam äleminden aýyrmak islemegi hem meseläniň maňzyna ýetmekde diýseň bärden gaýtmaklykdyr. Çünki Ýewropadaky musulmanlar isle-isleme öz dininiň gözbaşy bolan ýurtlaryň täsirinde galmagy dowam ederler.

Alymyň pikirine görä, bu ýerde bilmeli esasy zat, munuň nähili we näderejede täsir edýändigine doly göz ýetirip, soňam onuň netijelerine gowy düşünmekdir.

“The Economist” žurnaly "Bir medeni we teologiki täsire garşy gitmek, onuň deregine başga has ýaramaz täsirleriň döremegine getirip biler" diýip ýazýar.

XS
SM
MD
LG