Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Anna 19 Aprel 2024

Kalendar
Aprel 2024
Duş Siş Çar Pen Ann Şen Ýek
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
Ýaşuly dükanda ýöräp barýar. Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)
Ýaşuly dükanda ýöräp barýar. Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda dinçilere häkimiýetleriň ünsi güýçlenýär. Býujet edaralarynda, kärhanalarynda dini däpleri berjaý edýän ýa-da daş görnüşinden dinçidigini görüp bolýan işgärlere duýduryş berilýär. Azatlygyň habarçylary soňky aýda dinçiler babatyndaky gözegçiligiň güýçlenmegi bilen bagly nobatdaky ýagdaýlar barada habar berýärler.

"Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrliginiň gullukçylary döwlet edara-kärhanalarynda, şol sanda okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň arasynda haj zyýaratlaryny berjaý edip, gelenleri we yslamyň ýörelgelerini berjaý edýänleri gözleýär we duýduryş berýär" diýip, Azatlygyň habarçysy 18-nji aprelde habar berdi.

Býujet işgärlerinden edilýän talaplaryň arasynda erkek adamlardan sakgal goýbermezlik, telpekli ýörmezlik, zenanlardan başyna ak ýaglyk atynmazlyk ýaly buýruklar bar.

Habarçymyz bilen gürleşen býujet edaralaryň wekilleri bu gadagançylyklar berjaý edilmese, boýun gaçyran işgärlerden işden çakmak hakynda arza ýazmak talap ediler diýýärler.

Anonim gürleşen çeşmeleriň biri özünden edilen talap barada şeýle gürrüň berdi: "Talaba boýun bolmadyk işgärleriň işinden öz arzasy boýunça çykmaly boljagy duýdurylýar. Il ýaly bolup, birmeňzeş eşikde işlemeli we özara gürrüňdeşlikde Türkmenistan ýaly asuda ýurduň başga hiç ýerde ýokdugyny wasp etmeli diýlip duýdurylýar".

Dünýewi Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi yslam dinine uýýar. Ýurt ýolbaşçylary haj zyýaratyna baryp gaýdýar.

Türkmenistanda ägirt uly metjitleriň ençemesi guruldy, metjit gurluşygy dowam edýär. Welaýatlaryň her birinde gurulýan metjitler üçin ilatdan yzygiderli pul ýygnalýar. Metjitlere ýurt baştutanlarynyň ady dakylýar.

Türkmen dinçisi howpsuzlyk sebäpli anonim şertde gürrüňdeş bolup, türkmen hökümetiniň dinçilere görkezýän gysyşyny, onuň diniň häkimiýete garşy güýç bolmak ähtimallygyndan howatyrlanýandygyny aýdýar.

"Hökümet bütin dünýäde ykrar edilen adam hukuklaryna eýerip we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolşy ýaly yslam dinine uýýan öz raýatlaryny her ýyl haj zyýaratyna guramaçylykly ugradýar, emma haja baryp gaýdan raýatlarynyň we dindarlaryň sanynyň artmagy awtoritar režimi biynjalyk edýäne meňzeýär. Dinçilere edilýän basyşlaryň dowam etmegi dini taglymatlara we şerigat ýörelgelerine çapraz gelýär" diýip, türkmenistanly dinçi öz pikirini paýlaşdy.

Türkmen dinçilerine basyş geçen aýda Moskwada bolan terorçylykly hüjümden soň güýçlendi. Türkmen häkimiýetleri metjitlere barýan ýaşlary yzarlamagyny güýçlendirdiler, metjitlere namaza barýan ýaşlary saklap, soraga çekip başladylar. Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda sakgaly has ösgün raýatlar hem kanun goraýjylar tarapyndan soraga çekildi. Ilata namazyny öýünde okamak tabşyryldy.

Azatlygyň habarçylary munuň yzýany metjitlere juma namazyna barýan adamlaryň sanynyň esli azalandygyny habar berdiler.

Ýurt häkimiýetleri ilatynyň din azatlyklaryny berk çäklendirmekde, dindarlary syýasy maksatlar üçin ulanmakda, başga dinleriň wekillerine ýyllarboýy gysyş görkezmekde tankyt edilýär. ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan soňky onýyllyklarda "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň arasynda galýar.

Türkmen dinçilerine edilýän häzirki basyş ýurtda umumy howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilen wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Türkmen talyplary (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen talyplary (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda ýerleşýän Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary umumy ýaşaýyş jaýyndaky artýan talaplaryň özleriniň bilim almagyny barha agyrlaşdyrýandygyny aýdyp, olara nägilelik bildirýärler.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan talyplaryň ençemesi bu talaplaryň ilkinjileriniň hatarynda özlerine özbaşdak nahar taýýarlamagyň gadagan edilmegini we özlerinden yzygiderli ýygnalýan pullary agzaýarlar.

“Bize, mekdep müdiriniň ýörite buýrugy esasynda, özbaşdak nahar bişirmek gadagan edilýär. Talyplar naharlanmak üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň naharhanasyndan, talyp stipendiýasyna laýyk gelmeýän gymmat bahadan, nahar satyn almaga mejbur edilýärler” diýip, mekdebiň bir talyby aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, talyplaryň alýan aýlyk stipendiýasy 700 manada barabar. Umumy ýaşaýyş jaýynyň naharhanasynda satylýan naharlaryň bahasy 20-30 manat aralygynda üýtgeýär:

  • Bir şakäse çorba we iki bölek çörek 25 manat,
  • Alty sany manty 25 manat,
  • Bir sany towuk budy 20 manat,
  • Iki bölek kebap 30 manat,
  • Bir sany somsa 10 manat

“Bir talyp ertirlik, günortanlyk we agşamlyk nahary üçin günde azyndan 50 manat sarp etmeli bolýar. 50-ni 30 güne köpeldeniňde 1500 manat bolýar. Bu talyplar üçin juda gymmat bolýar. Köp talyp ene-atasyndan alýan pulunyň hasabyna ýaşasa, köp talyp talaba laýyk iýmitlenip bilmeýär, ýagny günde diňe bir gezek naharlanýar. Bu olaryň saglygyna hem ýaramaz täsir edýär” diýip, mekdebiň başga bir talyby aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, özbaşdak nahar taýýarlamak gadagançylygy mekdebiň täze binasyna göçülende, ýagny 2021-nji ýylda tapgyrlaýyn esasda güýje girizilip başlandy. Ýöne ilkinji ýyllarda talyplara umumy ýaşaýyş jaýynyň naharhanasynda ýeňillikli bahadan nahar satylýardy.

“Wagtyň geçmegi bilen naharlaryň bahasy gymmatladyldy. Häzir olaryň bahalary mekdebiň daşyndaky nyrhlardan hem gymmat. Talyplaryň mekdebiň daşyna erkin çykmakdan mahrum edilýändigi sebäpli, olar mekdebiň daşynda naharlanmak mümkinçiliginden hem mahrum bolýarlar. Sebäbi talyplar mekdebiň daşyna çykmak üçin bir gün öňünden müdiriň adyna arza ýazyp, synp ýolbaşçysyna gol çekdirmeli. Arza müdir tarapyndan kanagatlandyrylan halatynda, talybyň mekdebiň çägini terk etmegine rugsat berilýär” diýip, talyp belledi.

Remi metbugata görä, 2021-nji ýylyň martynda açylyp ulanylmaga berlen mekdebiň binasynda 500 okuwça niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýy, 400 orunlyk naharhana bar.

Mekdebiň resmileri talyplara berýän maglumatynda özbaşdak nahar bişirmek gadagançylygynyň sebäbini “nahar bişirmek üçin niýetlenen elektrik enjamlarynyň ýangyn howpludygy” bilen düşündirýärler.

Ýöne talyplar munuň sebäbiniň naharhananyň müdiriň garyndaşlary tarapyndan dolandyrylýandygy we ondan gelýän girdejiniň ikisiniň arasynda paýlaşylýandygy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

Talyplar özlerinden her iki hepdede bir gezek, käte-de her hepde dürli maksatlar üçin pul ýygnalýandygyny aýdýarlar.

“Bu pullar umumy ýaşaýyş jaýynyň otaglarynda, girelgelerinde, koridorlarynda wagtyň geçmegi bilen köýýän çyralary satyn almak, hajathanalaryň we hammamlaryň hatardan çykýan krantlaryny abatlamak ýa-da täzelemek üçin ýygnalýar. Talyplar otaglarda we girelgelerde çat açan ýa-da döwlen penjiräniň aýnasyny hem öz hasaplaryna satyn almaly bolýarlar” diýip, talyp bu ýagdaýlaryň özleriniň bilim almak mümkinçiliklerini barha agyrlaşdyrýandygyny belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada teswir almak üçin 19-njy aprelde mekdebiň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgisine jaň etdi. Ýöne redaksiýanyň yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi we paýtagtyň Bilim bölümi bilen hem habarlaşyp bolmady.

Türkmenistanyň bilim pudagy, soňky onýyllyklarda yglan edilen ençeme özgertmä garamazdan, ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň esasy ojaklarynyň biri bolmakda tankytlanýar.

Habarçylarymyz para-berimiň ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna, orta hünär mekdeplerine, okuwçylaryň mekdeplere we körpeleriň çagalar baglaryna girmek prosesinde möwjeýändigini, munuň çagalar we ýaşlar bu edaralara ýerleşenden soňra-da dowam edýändigini ençeme gezek habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar.

“Transparency International” guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG