Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 20:47

Täzelikler

Obama uçar hadysasynda «sistematiki şowsuzlyk» boldy diýýär

Tekstiň ululygy - +
30.12.2009
Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlara gelýän uçardaky partlatma synanyşygynda «sistematiki şowsuzlyk» boldy diýýär.

Obama «howpsuzlykdaky heläkçilikli böwşeňlik», güman edilýäniň kakasynyň duýduryşyna garamazdan, 23 ýaşly nigeriýalynyň Birleşen Ştatlara gelýän uçara münmegine ýol açdy diýdi.

23 ýaşly nigeriýaly Umar Faruk Abdulmutallab 25-nji dekabrda Detroýta gelen uçary partlatmaga synanmakda güman edilýär.

Abdulmutallab Lagosda hem Amsterdamda standart metal kesgitleýji barlagdan geçipdir, ýone onuň ýaragy bilinmändir.