Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Üç protestçi öldürildi


Ukrainanyň içeri işler ministri ýurduň gündogaryndaky Mariupol şäheriniň golaýynda Russiýa tarapdary üç protestçiniň öldürilendigini habar berýär.

Arsen Awakow bu barada 17-nji aprelde “Facebook” sosial ulgamyndaky sahypasynda beýanat çap etdi. Şeýle-de, Awakow 13 aktiwistiň hem ýaralanandygyny we 63 sanysynyň hem tussag edilendigini habar berdi.

Awakow bu öldürmeler gijäň ýary Ukrain goşuny aktiwistleriň bazasyna hüjüm eden mahaly amala aşdy diýdi.

Bu waka Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň, Ukrainanyň, Russiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda 17-nji aprelde Ženewada geçiriljek gepleşikleriň öňýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG