2014-nji ýylyň Global innowasiýalar indeksiniň awtorlary Merkezi Aziýa ýurtlaryna örän yzdaky orunlary beripdirler.
Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlar innowasiýalar derejesi boýunça dünýä ýurtlarynyň 100-ligine hem girip bilmän, sanawa giren 143 ýurduň içinde 137-nji, 128-nji we 112-nji orunlary alypdyrlar.
Gazagystan öz goňşularyndan öňe saýlanyp, 79-njy orny alypdyr. Azerbaýjan bolsa bu görkezijide 101-nji orny eýeläpdir.
Emma Türkmenistana hiç bir dereje berilmändir.
Innowasiýalar indeksinde Estoniýa 24-nji, Latwiýa 34-nji, Litwa 39-njy orny eýeläpdir. Hatda Moldowa, Orsýet hem 43-nji we 49-njy orunlary alypdyr.