Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl tunelleri ýok etjekdigini aýdýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu) Gaza zolagyndan Ysraýylyň territoriýasyna raketa uçurmak üçin palestinaly söweşijiler tarapyndan ulanylýan geçelgeleri ýok etmek işini Ysraýylyň “ýaraşyk esasynda ýa-da ýaraşyksyz” ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

8-nji iýulda Ysraýyl söweşijileriň raketa hüjümlerine jogap edip, Gaza zolagyna edýän hüjüm kampaniýasyna başlaly bäri 1 müň 300-den gowrak palestinaly öldürildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun palestinalylaryň gonalgasy, ýagny gürrüňi gidýän gurama tarapyndan dolandyrylýan mekdebe edilen hüjümi “gahar-gazaply” we “nähak” diýip atlandyrdy. Bu mekdebe edilen hüjümde azyndan 16 adam öldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň palestinaly bosgunlar boýunça edarasy – UNRWA, gürrüňi gidýän mekdebe ysraýylly güýçleriň 30-njy iýulda hüjüm edendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dolandyrylýan mekdebe edilen hüjümi ýazgardy, emma Ysraýyla hiç hili aýyplama ýöňkemedi.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamenti Ysraýyly goşmaça ýarag serişdeleri bilen üpjün etmek barada Ysraýylyň eden haýyşyny tassyklandygyny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG