Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli deputat esgerleriň ölüminiň derňewini talap edýär


Orsýetli kanun cykaryjy Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktde wepat bolanlygyny güman edýän esgerler barada maglumat berilmegini talap edýär.

Žurnalist we Pskow şäheriniň geňeşiniň deputaty Lew Şlosberg 16-njy sentýabrda harby prokuratura ýollan resmi hatynda iýul we sentýabr aralygynda wepat bolan 12 sany harby gullukçynyň sanawyny ýollady.

Ol prokurorlary harbylaryň nirede, nähili ýagdaýda ýogalandygyny we munuň bilen bagly wakanyň konstitusiýa näderejede gabat gelýändigini derňemegi talap etdi.

Şlosberg orsýetli esgerleriň Ukrainanyň gündogarynda ýogalandygyny tassyklaýan subutnamalary toplaýar. Moskwa Ukrainadaky konfliktde orsýetçi separatistleri goldamak üçin öz esgerlerini iberýändigini ret edýär. Konflikt zerarly aprel aýyndan bäri 3 000 gowrak adam wepat boldy.

Lew Şlosberg iki desantçynyň jaýlanmagy boýunça derňewler barada awgust aýynda makala çap edensoň, şahsyýeti anyklanmadyk adamlar tarapyndan agyr urlup-ýenjilipdi.

XS
SM
MD
LG