Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik websahypalary bölekleýin petiklendi


Täjigistanda Facebook we käbir beýleki sosial ulgamlar şu aýyň dowamynda üçünji gezek bölekleýin petiklendi.

Täjigistandaky internet ulanyjylary 30-njy oktýabrda internet hyzmatlarynyň birnäçesinden Facebook, şeýle-de ýerli “Topnews.tj” habar portalyna, rus “VKontakte” sosial ulgamyna, “Yandex” gözleg sahypasyna girip bolmaýandygyny habar berýärler.

Websahypalaryň petiklenmeginiň sebäbi barada henize çenli maglumat ýok.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda täjik resmileri ýurtdaky habar websahypalaryny we sosial ulgamlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň websahypasyny we Facebook sahypasyny ençeme gezek petikläpdi, ýöne soňra ol gaýtadan hyzmata açylypdy.

Täjigistanyň Aragatnaşyk gullugy websahypalaryň petiklenmegi barada hiç hili buýruk çykarmandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG