Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 'harby hereketleri dowam eder'


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

“New York Times” neşiriniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti ýurduň Owganystandaky harbylarynyň ýene bir ýyl harby hereketlere gatnaşmagyna mümkinçilik berýän gizlin bir görkezmä gol goýupdyr.

Barak Obama mundan öň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky NATO-nyň Owganystandaky harby operasiýalarynyň 2014-nji ýylyň aýagyna tamamlanjakdygyny aýdypdy.

Öňümizdäki ýylyň 1-nji ýanwaryndan Owganystanda NATO-nyň gözegçilik missiýasy başlanýar. ABŞ-nyň 9 müň 800, şeýle-de Germaniýanyň, Italiýanyň we Ýaranlygyň beýleki agzalarynyň 3 müňe golaý esgeri, ilki başdaky ylalaşyga görä, owgan güýçlerine ýardam bermelidiler.

Emma, “New York Times” neşiriniň maglumatlaryndan çen tutulsa, Obamanyň täze görkezmesi esasynda ABŞ-ly esgerler – Amerikanyň güýçlerine ýa-da owgan hökümetine howp abansa – harby herekete geçip bilýärler.

“Associated Press” habar gullugy ABŞ-ly resmileriň, adyny tutmazlyk şerti bilen, bu maglumatyň käbir jikme-jiklerini tassyklandyklaryny habar berýär.

XS
SM
MD
LG