Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan garaňka gaplandy


Ýurduň günortasyna edilen jeňçi hüjümi Pakistanyň köp ýerini elektrik togundan mahrum etdi.

Suw we elektrik ministrliginiň sözçüsi Zafarýab Han Bulujystan welaýatyndaky elektrik geçirijä edilen jeňçi hüjümi ullakan tok kesilişine sebäp boldy diýdi.

Käbir hasaplamalara görä, Pakistanyň 80 prosentine çenli toksuz galdy. Aýdylmagyna görä, ýurduň esasy şäherleri, şol sanda Yslamabat, Karaçi, Lahor hem toksuz galdy.

Elektrik kompaniýasyndaky resmiler toguň 25-nji ýanwar güni irden dikeldilmegine umyt bagladylar.

XS
SM
MD
LG