Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz atlaryny ‘ruslaşdyrmazlyga’ seredilýär


Gyrgyzystanyň kanunçykaryjylary gyzgyz atlaryny “ruslaşdyrmazlyk” boýunça kanuny öňe sürdüler.

“Ar-Namys” partiýasyndan Nurkamil Madaliýew söwet döwründe ruslaşdyrylan gyrgyz atlaryny üýtgetmek barada kanunyň taslamasyny parlamentiň garamagyna 4-nji martda ýollandygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Taslama laýyklykda gyrgyzlaryň atlaryndaky orsça goşulmalarynyň gyrgyzçalap “uulu” we “tegin” bilen çalyşylmagy teklip edilýär.

Gyrgyzlaryň ençemesi Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň öz atlaryny ruslaşdyrmazlyga ýykgyn edipdi, emma soňky ýyllarda ýene-de atlarynyň rus görnüşlerini dikeldipdi. Olar munuň Orsýetde migrant bolup işlänlerinde öz durmuşyny aňsatlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG