Russiýanyň resmileri Wladiwostok şäherindäki polisiýa ofiserini atyp öldürmekde güman edilýän adamyň polisiýa bilen bolan kowalaşykdan soň, özüni atyp öldürendigini habar berýärler.
Wladiwostok şäher polisiýasynyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, neşe maddasyny satmakda güman edilýän 40 ýaşly Wladimir Bespalow polisiýa tarapyndan gabawa alnandan soň, 26-njy martda özüni kellesinden atyp öldüripdir. Resmiler onuň keselhanada aradan çykandygyny aýdýarlar.
24-nji martda Bespalow özüni sud zalyndan türmä alyp barýan iki polisiýa ofiserinden biriniň ýaragyny alyp, olaryň ikisine hem ot açdy. Munuň netijesinde polisiýa ofiserleriniň biri öldi, beýlekisi agyr ýaralandy.
Wakanyň bolan ýerinden gaçan Bespalow iki gün soň ele salyndy. Polisiýanyň maglumatyna görä, ol özüni resmilere tabşyrmakdan boýun gaçyrypdyr we jaýyň üçegine dyrmaşyp, şol ýerde özüni atypdyr.