Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Tapylan enjam derňelýär


Uçardaky pilotlaryň soňky ses ýazgylaryny saklaýan enjam. 25-nji mart, 2015 ý.
Uçardaky pilotlaryň soňky ses ýazgylaryny saklaýan enjam. 25-nji mart, 2015 ý.

Fransiýanyň derňewçileri Alp daglarynda heläkçilige uçran “Germanwings” howaýollary kompaniýasyna degişli uçardaky pilotlaryň soňky ses ýazgylaryny saklaýan enjamy gaýtadan dikeldip, ondaky maglumatlary derňeýärler.

“The New York Times” neşiriniň maglumatynda, enjamdaky deliller pilotlaryň biriniň uçar kabinasyny terk edendigini we uçar aşak gaçmazdan öň onuň yzyna dolanyp bilmändigini görkezýär diýilýär.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran derňewçileriň biri enjamdaky ýazgylara salgylanyp “Times” neşirine beren maglumatynda: “Biri uçar kabinasynyň daşyndan gapyny sähel kakýar, emma ol ýerde hiç hili jogap ýok” diýýär.

25-nji martda Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rajoý wakada heläk bolan 150 adama hormat bildirmek üçin Alp daglaryndaky regiona bardylar.

XS
SM
MD
LG