Si Jinping Hytaý zerur bolan mahaly hemişe Pakistana ýardam berdi diýip, “hytaý halkynyň hemişe Pakistanyň ýanynda durjakdygyny” aýtdy.
21-nji aprelde Pakistanyň parlamentinde eden çykyşynda hytaý prezidenti Pakistana gowy baha berip, Pekin bilen Yslamabadyň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygyň suratyny şekillendirdi. Si Jinpingiň bu çykyşy Pakistanyň telewideniýesinde görkezildi.
Şeýle-de, hytaý prezidenti Hytaýyň günbatar serhediniň howpsuzlygyny berkitmekde Pakistanyň “goşan uly goşandyny Pekin hiç haçan ýatdan çykarmaz” diýdi.
Si Jinping Pakistana iki günlük resmi saparyny amala aşyrýar. 20-nji aprelde hytaý prezidenti we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif umumy bahasy 46 milliard amerikan dollaryna barabar bolan energiýa we infrastruktura proýektleriniň gurluşygynyň taslamalaryny mälim etdi.