21-nji aprelde rus rublynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygy soňky iki hepdäniň dowamynda iň pes derejesine ýetdi.
Amerikan dollarynyň rus rublyna görä gatnaşygy ýokarlanyp, 21-nji aprelde Moskwanyň pul alyş-çalyş nokatlarynda 1 amerikan dollary 54 ruble barabar boldy. Bu görkeziji 8-nji aprelden bäri iň ýokary derejesine ýetdi.
Geçen ýylyň dekabr aýynda 1 amerikan dollary 80 ruble çenli ýokary galansoň, şu ýyl rus rublynyň amerikan dollaryna bolan hümmeti bölekleýin gaýtadan dikeldilipdi.
2014-nji ýylda nebitiň bahasynyň ýiti pese gaçmagy we Moskwanyň Ukraina goşulyşmagy sebäpli Günbataryň girizen sanksiýalary, Russiýanyň ykdysadyýetine we rus rublyna ýiti täsir ýetiripdi.