Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşýän halkara koalisiýany döretmäge” çagyrýar. Putin bu inisiatiwa barada Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen hem gepleşikleri geçirendigini aýdýar.
Putin 4-nji sentýabrda Russiýanyň uzak gündogarynda ýerleşýän Wladiwostok şäherinde žurnalistleriň öňünde çykyş edip, ol şeýle koalisiýany döretmek barada Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň we beýleki ýurtlaryň liderleri bilen hem gepleşikleri geçirendigini belledi.
Şeýle-de, rus prezidenti Russiýanyň “Yslam döwleti” atly topara garşy alnyp barylýan harby operasiýalara gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada söz ýazardan “heniz irdigini” hem sözüniň üstüne goşdy.
“Emma biz öz ýaraglarymyz bilen harby serişdeleri bermek we esgerlere tälim bermek arkaly Siriýa eýýäm degerli kömek edýäris” diýip, Putin nygtady.