Türkmenistan we Özbegistan Owganystan bilen serhetlerini goramak boýunça öz degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirerler, diýlip ýurtlaryň prezidentleriniň bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow 8-nji oktýabrda Daşkentde gepleşik geçirdiler.
Owganystandaky ýagdaý “goňşy ýurtlarda alada döretmän bilmez” diýlip, media maglumatlarda Özbegistanyň prezidentine salgylanylyp habar berildi.
Türkmenistanyň prezidentiniň 7-8-nji oktýabrda Özbegistana eden resmi saparynyň netijesinde transport, gümrük, ylmy-tehniki, saglygy saklaýyş we syýahatçylyk ugurlardan ylalaşyklar baglaşyldy.