Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 24-nji noýabrda Su-24 söweş uçary türk-siriýa serhedinde urlup ýykylandan soň atylyp öldürilen rus piloty Oleg Peşkowa Orsýetiň Gahrymany diýen ady berdi.
Bu habar Kremliň websaýtynda ýerleşdirildi. Habarda gahrymanlygyň näme üçin berlendigi aýdylmaýar.
Şeýle-de, Siriýada gözleg operasiýasy mahalynda öldürilen deňizçi esger Aleksandr Posiniçe Edermenlik medalynyň berlendigi aýdylýar.
Türk harby uçary tarapyndan urlup ýykylan Su-24 uçarynyň aman galan nawigatory Konstantin Murahtin hem Edermenlik medaly bilen sylaglandy.