Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Türkiýä, Orsýete çagyryş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Pariž, 30-njy noýabr, 2015
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Pariž, 30-njy noýabr, 2015

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäni we Orsýeti geçen hepdede türk uçarlary tarapyndan orsýet uçarynyň urlup ýere gaçyrylmagyndan soň dörän dartgynlylygy köşeşdirmäge çagyrdy.

Obama bu çagyrşyny Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen 1-nji dekabrda Parižde howanyň üýtgemegi boýunça geçirilýän sammitde etdi.

“ABŞ Türkiýäniň özüni goramak boýunça hukugyny goldaýar” diýip Obama aýtdy, şol bir wagtda-da Yslam döwleti” söweşiji toparynyň duşmandygyny we oňa ähli taraplaryň üns bermelidigini belledi.

Türkiýe 24-njy noýabrda özüniň F-16 kysymly uçarynyň oka tutup, ýere gaçyran Orsýetiň Suhoý Su-24M söweş uçarynyň Türkiýäniň howa giňişligini bozandygyny aýdýar.

Orsýet öz uçarynyň Siriýanyň giňişliginde bolandygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG