Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gözel: "Mejbur bolsak Türkmenistany terk ederis"


Nobatda duran türkmen zenanlary, 2013-nji ýylyň 8-nji iýuny.
Nobatda duran türkmen zenanlary, 2013-nji ýylyň 8-nji iýuny.
Türkiýäniň raýaty bilen resmi nikada durýan türkmenistanly Gözel, biometrik pasporty bolmansoň, Türkiýede ýaşaýyş wizasynyň möhletini uzaldyp bilmeýän türkmenlerden diňe biri. Ol bu ugurda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanalaryna ýüzlenip kömek alyp bolmaýandygyny we maşgalasyndan hemişelik jyda düşmek howpy sebäpli, täze pasport edinmek üçin Türkmenistana gitmekden saklanýandygyny aýdýar.

Mälim bolşuna görä, Türkmenistan iýul aýyndan başlap täze biometrik görnüşli pasporta geçdi, bu pasporty bolsa diňe ýurduň içinde edinip boljakdygyny yglan etdi. Täze pasport güýje girensoň, Türkmenistanyň esasanam Türkiýede ýaşaýan raýatlary, köne pasportlarynyň kabul edilmeýändigini we munuň bolsa öz durmuşlarynda dürli kynçylyklaryň döremegine, şol sanda maşgala agzalarynyň bir-birinden jyda düşmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan şeýle türkmenistanlylardan biri, özüni Gözel diýip tanadan gelin bilen söhbetdeş boldy we onuň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Gözel, Azatlyk Radiosyna ýüzlenmegiňize näme sebäp boldy?

Gözel: Meniň ýüzlenmegimiň sebäbi ynha şeýle. Men Türkiýede durmuşa çykdym. Bilşiňiz ýaly häzir Türkmenistanda kanunlar üýtgeýär we pasport çalyşmaklyk talap edilýär. Şu sebäpden bize Türkiýede wiza berilenok. Pasport çalyşmaly diýilensoň bu ýerde wiza ýa-da türk raýatlygyny alyp bilemzok we bu biziň maşgala ýagdaýymyza uly zyýan berýär.

Azatlyk Radiosy: Wiza diýýäniňiz näme, iş wizasymy?

Gözel: Elimizde Türkmenistanyň köne pasporty bolansoň Türkiýede maşgala wizasyny alyp bilemizok. Pasportyň möhleti gutarandygy sebäpli bu ýerde ýaşaýyş rugsady hem berilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaşaýyş rugsadyňyz ýokmudy?

Gözel: Bizde häzir resmi dokument hökmünde diňe nika şahadatnamasy bar. Ýöne indi ýaşaýyş rugsadymyzy täzelemegimiz gerek. Türkmenistan pasportyňyz köne, diýip bize kömek etmekden ýüz öwürýär. Biz kömek sorap Türkmenistanyň Konsulhanasyna ýüz tutdyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Konsulhanasynda näme diýdiler? Size kömek etdilermi?

Gözel: Konsulhanada kömek edenoklar. Üstesine-de olar agza alynmajak sözleri aýdyp gaty daraýarlar, adamkärçiliksiz çemeleşýärler. Pasportyňy we dokumentleriňi ýüzüňe zyňýarlar. Hiç kim hiç hili kömek edenok.

Azatlyk Radiosy: Kömek edilmeýändiginiň sebäbi näme?

Gözel: “Türkmenistana gidiň. Näme Türkmenistanda özüňize är tapmadyňyzmy? Näme üçin türke durmuşa çykýaňyz?”, diýen ýaly bir topar gürrüňleri eşidýäris. Eger biziň öz halkymyz bize kömek etmese, onda bize kim kömek eder?

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň kanunlaryna görä, eliňizde resmi nika hatyňyz bar bolsa näme üçin Türkiýe size ýaşaýyş rugsadyny berenok? Size munuň sebäbi düşündirilýärmi?

Gözel: Hawa, olar ynha şeýle düşündiriş berýärler. Gidip pasportyňyzy çalyşyp geliň. Bu bize bagly iş däl, eýsem siziň ýurduňyza degişli iş. Türk polisiýasy, hiç zat edip bilmejegini we özlerinden kömege garaşmaly däldigini aýdýar. Geň galdyrýan zat hem bu ýerde hiç kim prosedurany bilenok. Diňe öz başyndan sowmak üçin "gidiň öz ýurduňyz bilen çözüň meseläňizi" diýýärler.

Azatlyk Radiosy: Häzirki ýagdaýda türk polisiýasy çözgüt üçin Türkmenistana iberýär diýýärsiňiz we meseläniň çözülmeýändigini aýdýarsyňyz. Eger bu kynçylykly ýagdaýa çözgüt tapylmasa onda näme etmek isleýärsiňiz we özüňizçe nahili çözgüt tapmak isleýärsiňiz?

Gözel: Dogrusyny aýtsam, men näme etjegimi bilemok. Ynha şonuň üçinem siziň üstüňiz bilen bütin dünýä we halkara guramalaryna ýüzlenip, kömek soraýaryn. Bu ýerde pasport meselesi sebäpli diňe meniň maşgala ýagdaýym däl, eýsem gaty köp maşgalanyň ýagdaýy bulaşýar we maşgalalar bozulýar.

Azatlyk Radiosy: Şu wagta çenli bu meselede Türkiýäniň içindäki jemgyýetlere ýüz tutup gördüňizmi ýa özüňizçe bir ýol gözläp gördüňizmi?

Gözel: Men gaty köp çykalga gözledim. Men hatda Aşgabada jaň etdim. Konsulhana, ilçihana we Migrasiýa gullygyna jaň edip, hemme ýerden kömek sorap gördüm. Hemmesi Türkmenistana gelmegimi isleýärler. Men bolsa Türkmenistana baran gaty köp maşgalanyň yzyna dolanyp bilmeýändigini aýtdym.

Türkmenistandakylar Türkiýedäki resmi nikanyň diňe Türkiýede kanunydygyny, Türkmenistanda bolsa kanuny däldigini nygtaýarlar. Türkiýedäki maşgalalaryň Türkmenistana gelen halatynda deport möhrüniň uruljakdygyny we ondan soň biziň hiç ýere çykyp bilmejekdigimizi aýtdym. Türke durmuşa çykan gelin-gyzlaryň Türkiýede maşgalasy we çagalary bilen kyn ýagdaýda galýandygyny hem-de ýene galjakdygyny aýtdym. Türkiýede Türkmenistanly gelin-gyzlar eýýäm ençeme ýyllap resmi ýagdaýda çaga-çugaly maşgala bolup ýaşap ýörler.

Türkmenistana gidip şol ýerde çagalary bilen eýýäm bir ýarym we ondan hem köpräk wagtlap ýurtdan goýberilmän oturan türke durmuşa çykan türkmen gelin-gyzlar bar. Olaryň Türkiýede hemme dokumentleri düzüw, olar hemme taraplaýyn kanuny ýagdaýda ýaşaýan maşgalalar. Sebäbi olaryň Türkiýede ýaşaýyş rugsadynyň möhleti gutarypdyr we ony uzaltmaklyk üçin täze pasport almaklyk talap edilýär. Olar täze pasport aljak bolup Türkmenistana gidýärler we o taýda Türkiýede ýaşaýyş rugsadyňyz ýok, diýilip yzyna goýberilmeýärler. Eger Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alman Türkmenistana gitseňiz, onda ol ýerden yzyňyza goýbermeýärler.

Türkiýe tarapy ýaşaýyş rugsadynyň möhleti gutaranlara, onuň köne pasporty bilen wizasynyň möhletini uzaldyp berenok we Türkmenistana täze pasport almaga gidenlere-de ol ýerde Türkiýede ýaşaýyş rugsadyňyz ýok ekeni, diýip bäş ýyllap ýurtdan çykmaklygy gadagan edýär. Türkiýede ýaşaýyş rugsady alman, elinde resmi nika şahadatnamasy bilen gelenler barybir Türkmenistandan bäş ýyldan owal çykyp bilmezler, diýip bize aç-açan aýdýarlar.

Dogrusy, Türkmenistandakylaryň näme isleýändigine düşünip bilemok. Mundan daşary ýene bir sebäpden türke durmuşa çykan gaty köp tanyş gelin-gyz maşgalalar iki-üç çagasy bilen bir ýarym, iki, üç ýyldan bäri Türkmenistandan yzyna maşgalasynyň ýanyna gaýdyp bilmän otyrlar. Nämemiş, olaryň ýaşy otuz bäş ýaşyň aşagyndamyş.

Siziň Türkiýede maşgalasy bolan Türkmenistanly gelin-gyzlary goýbermän saklamaga nähili hakyňyz bar? Aslynda bularyň hemmesi bolgusyz bahana. Ýaşaýyş rugsadyň ýok, ýa-da otuz bäş ýaşyň aşagynda bolanyň üçin Türkmenistandan çykmaklyk gadagan diýip, edenini edip ýörler. Hemişe Türkmenistanda kanunlar üýtgäp dur we her gezeginde-de gaty köp maşgalany dargadyp dur. Bu nämäniň alamaty? Eger mejbur galsak biz onda Türkmenistany doly terk ederis. Sebäbi bu kynçylyklary, agyr hupbatlary çekip-çydar ýaly däl.

Azatlyk Radiosy: Gözel, özüňiz ýaly kyn ýagdaýa düşenlere we ýaňky aýdyşyňyz ýaly Türkmenistandan çykyp bilmän we çäre tapyp bilmän oturan maşgalalara nähili maslahat berýäňiz, şolar näme etmeli?

Gözel: Hiç kim hiç zatdan gorkmaly däl. Sesiňi çykarman oturmaly däl. Öz hakyň we hakykat üçin hökman göreşmeli. Näme üçindir bilemok biziň türkmenistanly adamlarymyz hemme zatdan gorkýarlar.

Meniň bir joram Türkiýede durmuşa çykdy. Onuň Türkmenistanda kakasy aradan çykdy. Türk raýatlygy bolany sebäpli goýbermediler. Onsoň joram, türk pasporty bilen Türkmenistana gitmäge rugsat berilmegi üçin Türkmenistan raýatlygyndan çykmaga boýun boldy. Joram gidip kakasyny jaýlap, Türkiýä dolanyp geldi. Ondan iki hepde geçensoň ejesiniň öýüne türkmen resmileri gelip, "Türkmenistanyň raýatlygyndan çykyp, olar ýaly akylly bolýan bolsaňyz, Türkmenistany iki hepdäniň dowamynda terk ediň. Seniň gyzyňy beýdip eýläk-beýläk arkaýyn gatnap ýörmez ýaly ederis. Olar ýaly akylly gyzyň bar bolsa senem şonuň ýanyna git" diýipdirler.

Ynha şeýle ýagdaýlar sebäpli biziň türkmenistanlylarymyz dogan-garyndaşlaryna degilmez ýaly hemme zatdan gaty gorkýarlar we çekinýärler. Biziň halkymyzy ynha şeýle gaty erbet gorkuzypdyrlar. Adamlar öz haklaryny talap edip ýa-da ol barada söz açyp hem bilenoklar. Biz öz hak-hukuklarymyz üçin hökman göreşmeli. Biziň içimizde janymyz bar. Biz öli däl, diri adamlar ahyryn. Biz hemme zady göreşip almaly.
XS
SM
MD
LG