Diňle

Häzir efire gidýär

Agşamky programmalar

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Söhbetdeşlik

Türkmeniň gawun kaky Ýewropada ýok

16.01.2010

Germaniýanyň paýtagty Berlinde 15-nji ýanwarda Oba hojalyk önümleriniň Halkara sergisi açyldy. Bu ýyl bu sergä 56 döwlet gatnaşýar. Bu sergä her ýylda barýanlaryň biri Berlin şähärinde ýaşaýan, ozal Türkmenistanyň Suw-gurluşygynda inžener kärinde işlän Ýusup Kordyr. Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçyşy Taher Şir Mohammadi Ýusup Kor bilen bu sergi barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Berlinde her ýylda bolýan bu sergi barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?

Yusup Kor
Ýusup Kor:
Bu sergä nemes dilinde „Grüne Woche“ diýilýär, türkmençesi „Ýaşyl hepde“ bolýar. Bu sergi her ýylda ýanwar aýynyň başynda geçirilýär. Germaniýanyň hem-de dünýäniň ähli ýurtlaryndan bu sergä gelýärler we ony gowy garşy alýarlar. Şonuň üçin sergi bu ýyl 10 günläp dowam eder.

Bu Halkara sergä öňki SSSR-iň respublikalaryndan, şol sanda Merkezi Aziýa döwletlerindenem gatnaşýarlar. Ýöne, gynansak-da, Türkmenistan muňa üns bermeýär. Belkem, gelejekde şu meselä üns bererler diýip umyt edýän.

Azatlyk Radiosy: Berlinde geçirilýän Oba hojalyk önümlerniň halkara sergisiniň bu ýyl 75-nji gezek geçirilişi. Ýusup, siz Berlinde ýaşaýarsyňyz. Siz bu sergä gatnaşdyňyzmy?

Ýusup Kor: Men şu sergä 17 ýyldan bäri gatnaşyp gelýärin.

Azatlyk Radiosy: Germaniýadaky sergä 56 ýurtdan 1600 adam öz Oba hojalyk önümlerini getiripdir. Eýse, Türkmenistan hem şular ýaly Halkara sergä gatnaşsa gowy bolmazmydy?

Ýusup Kor: Elbetde, gowy bolardy. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde Oba hojalyk önümleri esasy pudak hasaplanylýar. Türkmen ylaty hem esasan Oba hojalyk bilen meşgul. Şonuň üçin Türkmenistanyň döwletine-de, halkyna-da şular ýaly halkara derejesinde geçirilýän sergiler degişlidir diýip pikir edýän. Olar bu sergilere gatnaşyp, köp tejribeleri gazanyp bilerdiler.

Azatlyk Radiosy: Ýusup, siz birnäçe ýyllap Türkmenistanyň Suw-gurluşyk hojalygynda inžener bolyp işlediňiz. Türkmenistanyň Oba hojalygyndaky gök önümleriň ýagdaýyna belet adam. Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan şular ýaly Halkara sergilere öz haýsy önümlerini getirip bilerdi?

Ýusup Kor: Türkmenistanyň getirip biljek önümleri gaty köp. Men Türkmenistanda Oba hojalyk bilen gyzyklanyp we ony öwrenmek üçin köp ýerlerini paý-pyýada gezdim, hasam Daşoguz we Balkan welaýtlaryna beletçiligim bar.

Türkmenistanda, her tarapdan alsaň-da, öz harytlary bilen bazara çykmaga mümkinçilik bar. Türkmenistan gök önümleri, miweleri, gury önümleri, kakadylan önümleri sergä getirip bilerdi. Mysal üçin, et ömümlerinden kolbasa ýa-da alkogolly içgilerden, alkogolsyz içgilerden, miwe suwlaryndan hem öz önümlerini sergä getirip bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şular ýaly Halkara sergi Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini Germaniýanyň ilatyna tanatmak üçin nähili kömekleri ederdi?

Ýusup Kor: Mysal üçin, şu taýda ýok zadyň biri – gawunyň kaky. Şu taýynyň ýerli halkyna gawunyň kakyny görkezeňde, umuman, Ýewropada ýaşaýan haýsy millet bolsun tapawudy ýok, hemmesi gyzyklanýarlar we dadyp görýärler. Bir gezek şeýle waka boldy. Men Türkmenistandan Germaniýa gaýdamda özüm bilen düýe çal alyp gaýtdym. Türkmenistanda ol bazarda satylýar. Berliniň aeroportuna gelemde, gümrük işgärleri geň galyp, birinji gezek biziň ýurdumyza düýäniň süýdi geldi (nemesler düýe çala kamelmilch diýýärler) diýip, ony surata düşürdiler.

Olar dünýäniň bir ýerinde düýäniň süýdi öndürilip, şu derejede dükanlarda satylýan eken we ony biziň ýurdumyzdan biri özi üçin gertipdir diýip, haýran galdylar. Menem düýe çaly Türkmenistandan maşgalama dadyraýyn diýip, alyp gaýdypdym. Diýjek bolýanym, indi her tarapyndan seredeňde-de, Türkmenistanyň birentek önümleri: et we beýleki maldarçylyk önümleri, künji, günebakar ýagy, pagta önümleri, gawun-garpyz, şu taýynyň bazaryna çykarylyp bilnerdi.

Germaniýada gije-gündiz açyk dükanlar bar. Türkmenistanyň döwleti ýa-da hususy sektor şol dükanlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýup bilerdi. Türkmenistanyň döwleti şu meselä üns berse we ondan gazanç edip biljekdigine göz ýetirse, örän gowy bolardy, bu ilat üçinem köp peýdaly bolardy diýip, pikir edýärin.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: muhammet nireden: canada
16.01.2010 20:19
turkmenistanda ing tajirlere ytmeyan zat dashary yurtlerde turkmenistanda onderilyan ve onderilip bilinjek haritarin islegler hakindaky maglumatlaring ytmeyanligy.,shol sebabden hem hazirky tayyarlanan makala oran ongat ve shular yaly ,maglumatlar berilip durilsa oran ongat bolardy.sag boling.

kimden: Student nireden: Germanya
16.01.2010 22:33
Yusup dogry aytyar yone Turkmenin gazyndan gelyan pul dogri paylansa her bir turkmene yeterlik.

kimden: gena nireden: tanzanya
17.01.2010 03:59
Ana hut shul Turkmenistana gerekli temanyn ustunden bardynyz. Gaz satmany goyup gaytyp exportyn bashga gornushleri bilen meshgullansa onat bolardy. Shol pul bilen gazdan gelyan puly deneshtirende elbette gazdan kop gelyar,yone shol az bolsadam tygshytly we gerekli yere ulanylsa yeter. Yone bizde mumkinchilik barka ulanmaly,gazy 20-30 yil son satyp bashlasadam bolar. Ol wagta chenli gazyn bahasy 10 esse bolar. Bizde yaman kop mumkinchilik bar, meselem; et onumleri, bizin govy kalbasalarymyz bar, merdananyn onduryan kalbasalary meselem bolup biler. Gushchylyk ugrundan,miwe we beyleki ugurlardan gaty one gidip bolyar. YEne bir ugur bar, olam syyahatchylyk. Ana shonda turkmenistan hakyky ozbashdak dowlet bolup biler.

kimden: Adszy nireden: Yewropa
17.01.2010 14:16
Turkmenin yeropada saty biljek zatlari kop, meselem : turkmen´halysy
yeropada bu halylary turkmenin adyna dälde eysem owgan, Eyran hallylar hokminde satilyar. turkmen gazi hem rus gazi hokminde satyarlar.
indi turkmenlerin ozleri munga eye chikmali.

kimden: Mert
17.01.2010 17:49
Kakymyzdan tut çalymyza çenli negiden Türkmene mahsus gymmatlyklarymyz bar. Olary dünya tanatmak bizin borjymyz. Bu öni bilen hem ykdysady hem medeni taydan bizin üçin peydaly iş. Türkmenler aktiw bolmaly. Öz gymmatlyklarymyzy bütün dünya tanatmak üçin gije-gündüz jan etmeli.

kimden: gena nireden: tanzanya
18.01.2010 02:38
Yok yok, goyun olaryn barysyny. Ne gozel ve suyji Fitchi, somsa, manty ve pelmenlerimiz bar. Wyyy ishleklimiz hem bar (turkmen pizza). Ana sholary tanadalyla. Ha ha ha, shuwagt dashary yurtda okayan studentlerin shulary eshtip agyzlary suvjaryp gidendir.

kimden: Hajym nireden: Britania
18.01.2010 07:31
Turkmenistan ösen yutlaryng uly shäherlerinde TÜRKMEN SHOP adynda dukanler achip, haly-halcha dan tut ta oba hojalik önimlerini satuwa chykaryp satip bilmeli.
gowysy Halkara Sawda Guramsyna (WTO) agza bolup dünyä derejesine ösmek üchin olardan hem yardam almali bolar. mening pikrime göre ösen yurtlaryng bazarynda alish-berishi ösdurmek häzirki zaman zerur, we zamanamzyng talablarining biri hasablanmaly.

kimden: Tünügök nireden: Gunbatar
18.01.2010 09:30
mening pikrime gore Turkmenistan osen yutlaryng uly shaherlerinde TURKMEN SHOP adynda dukanler achmaly. we zamana layyklikda, onderyan harytlarynyng 30-40 prosentini osen yutlaryng uly bazarlarinda satiwa chikarmaly. haly-halcha dan tut ta oba hojalik onimlerini dunya bazarlarynda satip bilmeli.


gowysy Halkara Sawda Guramsyna (WTO) agza bolup dunya derejesine osmek uchin olardan hem yardim almali bolar. geping gisgasy osen dunya bile alish-berishi osdurmek hazirki zamanamizing talablarining biri hasaplanyar.

kimden: Adszy nireden: Yewropa
18.01.2010 21:47
Bularyň hemmesi ýöne boş gurruň ýaly. Sebabi häzir Gunbatar bazarynda Dukän açmak zerur däl we muňa alada hem edip ýörmeli däl.
Internet döwurude satuwlar Internet arkaly bolýar. Turkmenistanda eger şuňa uns berilse we Internet arkaly söwda etmäge ýol berlse we şert döredilse şonda bu arzuuwlaryň hasyl bolmagy mumkundir diýp pikir etýärin. Ýöne Turkmen Shop diýen pikri hem golaýaryn. Emma Gunbatrda Turkmenistan barada hiç bir zad bilmeýärler. Käbirleri bolsa gazdan başga zad ýok myka diýär.

kimden: altin nireden: sweden
20.01.2010 19:42
gyzygly interwiyu oba hojalik turkmenistan uchin mohim. turkmen shop meselesi ustunde oylanmali. mening fikrime gore geregli ve shoo zamanamiz oni talab edyar
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS