Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Ýaşlar

Rus gyzlary täjik oglanlaryny söýýär

02.02.2010

Resmi habarlara göra, Orsýetde daşary ýurtlylar bilen durmuş gurýanlaryň 10-dan biri täjikler. Täjik ýigitleri rus gyzlarynyň arasynda köp halanýar.

Rus resmileri 2009-njy ýylyň ilkinji 6 aýynda 3500 täjik ýigidi rus gyzlary bilen durmuş gurdy diýip, maglumat berýärler. Orsýetde jemi 29 müň rus gyzlary daşary yurtlylar bilen durmuş gurupdyrlar.

Orsýetde işleýän täjik raýaty Ali Gurban täjikler Orsýetde galmak üçin rus gyzlary bilen durmuş gurýarlar diýýär. Ýöne Hurşit atly täjik ýigit onyň aýdanlaryny ret edýär. Ol diňe Orsýetde galmak däl-de, söýgi esasynda olaryň durmuş gurýandygny nygtaýar.

Täjigistanly synçylaryň sözlerine görä, iş gözläp Orsýede gidýän täjikler sosial durmuşlaryny gowulandyrmak üçin Orsýede barypdyrlar. Emma bu ýagdaý olaryň käbirleriniň Tajigistandaky maşgalasynyň dargamagyna sebäp bolupdyr.

Synçylar ýene bir meseläni ýatladýarlar: Täjigistanda hem daşary ýurtlylara durmuşa çykýan gyzlaryň sany artýar. Täjik resmileriniň beren maglumatlaryna görä, diňe 2009-njy ýylda her aýda diýen ýaly 10 täjik gyzy daşary ýurtla durmuşa çykypdyr.

Eýsem bu ýagdaý Türkmenistanda nähilikä? Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda Türkmenistanyň prezidentiniň Fransiýa saparayndan ýaşlaryň nämä garaşýandyklary barada hem maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
Şu forum ýapyk
     
Teswirler
Şu forumda teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS