Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:35

Halkara

Türkiýe: 21 generalyň tutulmagy nämäniň alamaty?

Türkiýäniň yslamçylyga esaslanýan häkimiýet başyndaky partiýasy häzirki we öňki harby ýolbaşçylardan 50-den gowragyny tutmak arkaly ýurduň kemalistleri bilen darkaşygy güýçlendirdi.

Multimedia

Audio
Podcast
Ýazyl"Google" okaýjy
Tekstiň ululygy - +
Onlarça ýyllaryň dowamynda harbylar Mustafa Kemal tarapyndan düýbi tutulan respublikanyň dünýewi düzgüniniň sakçysy hasaplanyp geldiler. Türkiýäniň ilkinji prezidenti tutuş ýurtda “Atatürk” diýlip tanalýar. Onuň yzyna eýerýänlere hem “Kemalistler” diýilýär.

22-nji fewralda ýokary derejeli 21 generalyň tutulmagy kemalistik düzgüne urlan agyr urgy hasaplanylýar. Türk metbugatynyň çaklamagyna görä, bularyň tutulmagy Ergenekon agzalarynyň häkimýet başyndaky "Adalat we Galkynyş partiýasynyň" garşysyna gönükdirilen harby döwlet agdarylyşygy baradaky plany bilen baglanyşykly.

Türkiýede bu tutha-tutluga yslamçylyga esaslanýan "Adalat we Galkynyş partiýasynyň" Türk Respublikasyny täzeden definirlemek baradaky göçümi diýip garalýar.

“Hürriýet Daily News” gazetiniň habarçysy Özgür Ögritiň aýtmagyna görä, munuň yzynyň nämä ýazjakdygy, näme bilen soňlanjakdygy belli däl.

“Bu Türkiýede ozal bir ýörelen ýol däl. Öten aýdan bäri metbugatda her gün: ‘ilkinji gezek Türkiýede, ilkinji gezek respublikanyň taryhynda, ilkinji gezek bu general görkezme bermäge geldi, ol general tutuldy ýa harbylaryň bir gizlin otagy barlandy’ diýen şol bir sözlemlere gözüň düşýär” diýip, Ögrit aýdýar.

Türkiýedäki uly bölünişik

Mediada we syýasy töwereklerde "Adalat we Galkynyş partiýasynyň-da" kemalistleriň-de tarapdarlary ýeterlik bolansoň, 2007-nji ýylda başlanan Ergenekon derňewi Türkiýäniň içinde uly bölünişik döredip gelýär.

Bu bölünişigiň däp boýunça türk döwletiniň üç sütüni hasaplanylýan goşun, sud häkimiýetleri we býurokratiýa ornaşmagy hem güýç synanyşygynyň yzynyň nirä barjagyny öňünden aýtmaga mümkinçilik berenok.

Sud häkimiýetleriniň içinde “Ergenekon derňewini dowam etdirmeli” diýýänler bilen oňa dünýewi garşydaşlaryny jezalandyrmak üçin "Adalat we Galkynyş partiýasynyň" elindäki syýasy gural hökmünde garaýanlaryň arasynda gazaply göreş gitdi. Indi hem 50-den gowrak harby ýolbaşçynyň tutulmagy bu jenjeli uzaga çekdirjege meňzeýär.

“Munuň iş ýüzünde bir getiren ýeri ýok. Ýöne indi bu tutha-tutluk bilen ol ýene mediada möhüm habar bolup galýar. Adamlar: ‘Ergenekon topary döwlet agdarylyşygyny planlaşdyran bolsa, bu derňewe näme üçin žurnalistler, alymlar, ýazyjylar getirilýär? Döwlet agdarylyşygyny amala aşyrjak esgerler nirede?’ diýip soraýarlar. Bu sorag örän adalatly sorag. Eger dinçi hökümet indi ýokary derejeli generallary yzarlaýan bolsa, onda bu işiň manysy gaçýar” diýip, Ögrit aýdýar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Türkmen
24.02.2010 21:47
+0 / -0
Awtor mesel-a dine bir nukdaynazardan, dine jemgyyetin bir gatlagynyn penjiresinden seredipdir. Eger has doly maglumat tapyp, bu zatlaryn asyl sebabi we mundan ön bolup geçen wakalaryn asyl aktyorlaryny bilen bolsady hil taydan has gowy hem real hakykatlara bay bolan makala yazardy.Şonda Türkiyede asyl dawanyn demokrasiya we adam haklaryna ynanyanlar bilen awtoritar hem diydimzor rejimin arasynda bolup geçyandigine düşünerdi. İsleyan bar bolsa samanyoluhaber.com, sabah.com.tr we bugun.com.tr internet sahypalaryna-da yüz tutup bilerler.
Muňa jogap

kimden: Atsyz
25.02.2010 12:57
+0 / -0
siz kimem bolsaniz bilemok veli fethhulhchi dini ullanim wtanlari satyanlar ol senin samanyolu televidinyani dinci izagalak seredya. bir turkiya strategiki taydan dunyanin ticaret yollari ve yevropa bile aziyanin esasi koprisi bolup geldi. Her vagit turkiya garshi sovuk sovesh bardi bolaymalam munyali kop mumkinçilikleri bolan dovlete. Dogri harbilrain elinde kop zat bar bolymalam turkiyanin gonsi dovletlerine seredin haysisi dost ülkeler. Gechen 100 yila seredilse turk esgerleri vatanlarini goradi dinch seretdi, hemmesidal Indi hem akp partiyasi ikdidara geleni bari goshunu durli yollar bien gizlince halkin gozunden dusurcek bolya ve bolyadi . birnache teroristik gurmalara gashi soveshtiler meselem ermenilen teroristik guramalarini basip yatirdilar indi hem kurtlerin teroristik guramasi yagni pkk garsi sovesh alip barya 20 yildir yenmek gayi kin sebabi dagda ur gach soveshini edyaler. Gepin gisgasi turkiyanin guramlarini birbirine dushman edilya. meselem akla pikire sigarmi polisiya agir harbi yaraglari satin alinmaga rugsat berilcek boldi pikir edip gorun polis merkezlerinde bi topon pushkanin yada katyushanin duranligini yada tankin :-) name uchin beyle etcek bolya sebabi esgerlerdin gorkya olarai kan rahtsiz etdi. Polisiya gurmasinda ishleyanlerinin hemmesi diyen yali fethullahchi nurcilar buzatlrai yazyan aslinda Türkmenistani howp salmayan zatlar diyip pikir edersiniz emma bu orgut Fethullahchilarin elinde yetshen okan okap yuren 1000 lerche okuvchilarimiz bar ginansagam bu okuchlar dovletimizde ishlap yorler astindan. Pikir edyaler biz ALLAHA gulluk edyas yone gizlin orgutler tarapindan ullanyadiklerini gorselerem inanip bilmeyaler. sebabi chagalikdan daha 5 klasdaka beyinleri yuvulya. Her chorek berene gulluk etmelidir oytman gulluk ALLAH. choregi name uchindir size beryaler ve nirden berilyanligine seredin. ve name uchin bir obada okap bilmeyan garip turke dalde dashari yurtli gelmeshege unversitetla beryaler.
Muňa jogap

kimden: Türkmen
27.02.2010 20:08
+0 / -0
Atsyz Men bu saytlary yazamda belli bir pikirin tasirinde galyp yazmadym, maglumatlary we makalany yazanda awtoryn dine bir tarapyn penjiresinden meselelee seretmeli daldigini aytdym. Yöne senem dost gynansagam özbaşdak we obyektiw-niy pikir edibilenok ekenin. Türkiyedaki belli toparyn aydyan zatlaryny gaytalayarsyn. Bizin Türkmen hökmünde has garaşsyz hem saglykly pikirlenmegimiz gerek. Sebabi tarap tutar yaly biz Türkiyanin rayaty dal. Hemem dine ynanyan we isleyişiçe yaşamak isleyan adamlaryn hak-hukuklaryna we mertebesine dil yetirmegin öni bilen adamçylyga we adam haklaryna ters. Olara yzagalak yaly agyr sözler aytmaga nadip ynsabyn we wyjdanyn çatyar?! Netijede olaryn çagalary hem Kurtuluş Söweşinde jan-ten bilen söweşdiler we hazirem kyn yerlere nirede garamayak musulman maşgalalaryn çagalary esgere iberilyar. Dogrusy senem hiç kimin tasirinde galman mesel-a has garaşsyz we ynsany nukdaynazardan seretmegini islardim.

kimden: aman nireden: ewropa
24.02.2010 22:57
+0 / -0
Shol Ögrit yalan aydyar onda. Türkiyede son 50 yilda 5 gezek Harby revolusya gecirildi.ve 1960 yilda Menderes diylen primyer minstrini asdylar ve häzirki wagtda köchelerde de Menderesin adyna gabat gelmek mümkin. Türkiyede hemme zat Harbylaryn elinde:meselem yalykly ayal gyzlaryn univrsitetde okamagy gadagan.shular yaly bir topar manysyz kanunlary bar. Häzirki yagdayda bolsa hökümet,harbylary Ewropa standartlaryna göre kanuny ögretjek bolyar.Ot bolmadyk yerden tüsse chykmaz diylip yöne aydylyan däldir.

kimden: nazar
01.03.2010 12:10
+0 / -0
Onem aydisim yaly, demokratik siyasy partiya, nama esaslanyanam bolsa beyle dine esaslanyan diyip yazmak, onun adyna ysnat hasap edilyar. Partiya milletcilige, das-towerege, liberalizme esaslanyp biler. Yone demokrasiya esaslanyarys diyen partiya beyle diyip yuzlenmek yersiz bolyar. Orgit diyilyani hem, Turkiyedaki bolunsikde haysam bolsa bir tarapda oz yerini alyar. Ol halkara statiskalaryn garsysyna 'Turkiye batyp baryar' diyyanlerin tarapynda. Turkiyanin nam boljagy belli dal diyip halkyn anyny oynayanam solar. Kasge bilseler, demokrasiyanyn ozlerini basgalardan has onat garajagyny...