Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:24

Kommentariý

Garryýew niýetinden el çekerli däl

Türkmenistanyň merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýew türkmen döwletiniň baştutanyna çäksiz gul wepalylygy bilen ýene bir gezek tapawutlandy.

Onjuk Musaýew (çepde) we Myrat Garryýew

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +
Aslyýetinde ol örän jogapkärli wezipäni eýeleýär, ol saýlawlary hem referendumlary geçirmek boýunça komissiýanyň başlygy. Onuň bu gezekki elewremesi saýlawlar bilen asla bagly däl, eýse G.Berdimuhamedowa gönükdirilen.

Garryýew prezidente ”Türkmenistanyň gahrymany” diýen ady dakmak baradaky öňki teklibini ýene-de gaýtalady: “Hormatly adamlar, bir teklip bar. Biziň prezidentimiz üç ýylyň içinde bütin dünýä belli boldy. Oň üçin men Mejlisden haýyş edýän, hormatly prezidentimize ”Türkmenistanyň gahrymany” diýip, at bermeli”.

Dyza çökmek, ýaýaplamak derdi

M.Garryýewiň geçen ýylky eden teklibi geçmändi. Ýöne ol bu meselede öz niýetinden el çekerli däl. Ýene birazajyk gaýrat etse, onuň Türkmenistanda demokratiýanyň, has dogrusy, antidemokratiýanyň ösüşi boýunça geljekki rekordlar kitabyna girmegi-de mümkin.

Myrat Garryýew üç ýyl mundan öň wezipeliniň ýa-da wezipä geçjegi anyk görnüp duranyň öňünde dyza çökmek, ýaýaplamak derdi güýjän döwri göçgünlilik bilen saýlawlar geçirmän, G.Berdimuhamedowy ýurduň prezidentligine bellemegi-de teklip edipdi.

Ol 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda şeýle diýipdi: “Edil şu wagt saýlamalam bolsa saýlajaklar, Gurbanguly Mälikgulyýewiç sizi! Şol hakykat ýürekden aýdylýar. Ýerde-de, ine, ýaşulular otyr! Ýöne kanun diýip dursuňyz-da. Kanunam ýerine ýetirmeli, ol dogry! Ýöne biz özbaşdak, bitarap döwlet. Daş-töweregimizdäki döwletlerem seredip otyr, “Bular nähili geçirerkä” - diýip. “Saýlaw geçdi” diýibem biljek şu wagt, eger ýagdaý bolsa welin, daş-töweregimizden seredip otyrlar”.

Myrat Garryýew özüniň bu hereketleri bilen başlyklaryň, onda-da ýurduň birinji derejeli ýolbaşçylarynyň öňünde dyza çökmegiň, maňlaýyňy ýere degrip, tagzym etmegiň nyýazowçylyk mekdebini bäşlik bilen gutarandygyny hemmelere görkezýärdi.

Şunuň ýaly ýaranjaňlaryň, ýaýaplamany özüne dereje bilýän ussatlaryň prezidentiň ýakyn töwereginde-de, biraz daşragynda-da köp bolmagy mümkin. Dolandyryjylaryň şundan başga mekdebi häzirlikçe Türkmenistanda döredilmedi.

Ýolbaşçylaryň täze tipi talap edilýär

Ýurtda emele gelen häzirki şertler özünden has ýokary başlyklaryň öňünde öz hünär kemçiligini, ýetmezini ýaşyrmaýan ýolbaşçylaryň täze tipini talap edýär.

Ýurt prezidente, onuň ýakyn töweregine öwgüli sözler aýdyp, alkyş okap, näme diýilse, lepbeý diýip duran, köre-körlük bilen baş egip duran adamlara däl-de, pragmatik, iş başarjaň ýolbaşçylara, döwlet işgärlerine mätäç. Prezidentiň ýanyndaky ”Döwlet işgärleriniň akademiýasy” bir ýyl töweregi wagt bäri hereket edýär, ýöne Nyýazowyň gul, gul psihologiýaly işgärleri çykarýan önümçiligi 20 ýyl töweregi işläpdi.

Prezidentiň şahsyýet kultuny döretmegiň onuň awtorlaryna hiç hili gowulyk getirmejegine, wezipede saklanyp galmagyna kepillik geçmeýänine ýalançy ýaranjaňlar düşünäýjek ýaly, bu hakykaty durmuşyň özi olara öwredäýjek ýaly.

Nyýazowyň özi töweregindäki ýaranjaňlary, ýalançylary gazap bilen düw-dagyn edip bolýandygyny ençeme gezek iş ýüzünde görkezipdi. Şol bir wagtda-da özüniň Biribara ýakyn adamdygy baradaky ýalançylaryň ynandyrmalaryndan ýüz öwürmeýärdi.

Stalinçilik usuly

Häzir Gurbanguly Berdimuhamedowyň töweregindäkileriň prezidentiň şahsyýet kultuny döretmäge synanyşýandyklaryny halkara synçylary belleýärler. Bu hereketi, ylaýta-da agitasiýa-propaganda meýdanynda görmek mümkin.

Ideologiýa işleri boýunça ýolbaşçylar sowet zamanynda, geçen asyryň 30-njy ýyllarynda, Staliniň şahsyýet kultunyň döredilip ugran döwründe ulanylan usullar toplumyndan şu wagtam peýdalanýarlar. Şol usullardan merkezi aziýa däpleri bilen garym-gatym edilip, Nyýazow döwründe-de köp peýdalanylypdy.

Nyýazowyň şahsyýet kultuny döredijileriň biriniň, baş arhitektorynyň Wiktor Hramow bolandygyny synçylar ýatdan çykarmaýarlar. Türkmenbaşy tarpa-taýyn ölenden soňam ol wezipesinde galyp, täze häkimiýetde-de öňki ygtyýarlyklaryny saklamagy başardy.

Hut şu ýagdaý Nyýazow döwrüniň gowy kadrlarynyň biri diýilýän merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýewe we şonuň ýalylara täze şertlerde-de şahsyýet kultuny döretmäge badalga berýärmikä?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: mert nireden: stambul
25.02.2010 22:26
+0 / -0
Menin pikirimce Tukmen jemgiyeti Hramowlardan, Garriyewlerden we Sopiyewlerden dynmasa hic mahalam duzelmez. Eysem muna prezidentin Gayraty catarmyka? Yagsy niyet yarym Dowlet diyipdirler...

kimden: Batyr
26.02.2010 00:13
+0 / -0
Juneyit han adam satyan we yuzune yasama yallakchylyk edyan adamlary (......) eken. Sebabi bular yaly hayynlar islendik wagt hanyn ozuni satmaga-da tayyar adamlar. Halk uchinem, lider uchinem bular yaly adamlar in bir howply adamlar. Beyle adamlary hazirki wagt perdanin anyrsyndaky kardinallar kult doretmek, halkyn boynuna ideologiya dakmak maksatlarynda ulanyarlar. Ata-babalarymyz beyle pes adamlar bilen elleship salamlashmaz hem eken, olara marekede orun hem berilmez eken. Bu gun name boldy turkmene???

kimden: Ayhan
26.02.2010 13:08
+0 / -0
Garryyewin şol günki Watanda 18-ne eden çykyşyny menem gördüm inter-netden. Dogrumy aytsam gaty gelşiksiz yagday. Yaranjanlygynam in çürbaşy. Gahryman Ogul diyeli- diyen bolyar. Name etdika Prezident ony gahryman yglan eder yaly? Myrat Garryyew an-düşünjesi, dünyagarayyşy boyunça bizin eramyzdan önki 15-nji asyrlarda gezip yören adam. Birem aydan pikirini teklip edenok, talap edyar, hatda sesine bat berip hökman kabul edin menin bu pikirimi diyyar. Demokratik döwletlerde bey diysen gülerler ya bu adam akylyny oynatdymyka diyerler. Bu yaranjanlygam dal dogrusy, baryp yatan yallakylyk. Utanç-haya diyen zada galmandyr. Türkmenistan Garryyew, Hramow, Zadan, Umnow yaly gaty pes hem öz bahbidini arayan düşünjedaki totelitar adamlardan saplanmasa hiç wagtam düzelibilmeyar...

kimden: Türkmen Ogly
27.02.2010 18:04
+0 / -0
Garriyew Saylaw Toparynyn Başlygy. Onyn Prezidente we geçenki saylawlarda dalaşgar(kandidat) bolan TDP-ne yakyn goldaw bermegi hem etiki taydan hemem kanun taydan dogry dal. Ol garaşsyz bolmaly we dine kanunlara we hukuk sistemasyna göra hereket etmeli. Halkara standartlaryna göra Onyn partiya agzasy bolmagam dogry dal, sebabi ol Saylaw Toparynyn Başlygy hökmünde ahli partiyalara we dalaşgarlere den derejeli bolmaly. Myrat Garriyew edyan hereketleri bilen Türkmenistanyn Konstitusiyasyny we Baş Kanunyny bozyar.Türkmenistanyn Sudy eger Döwletimiz hukuk Döwleti bolyan bolsa Garriyew hakda iş açmaly.Hiç hili hukuk we kanun dinleman, edenini edip yören bir Saylaw Komitetinin Başlygyndan Türkmenistana dine ziyan geler, beyle adam Yurdumyzyn halkara abrayyna dine zeper yetiryar. Şon üçin Türkmen halky bolup hormatly Prezidentden Myrat Garriyew hakda çare görmegini isleyas. Adalatyn, Kanunyn we Türkmen halkynyn hatyrasyna çare görün hormatly Prezident!

kimden: Watansöyer nireden: Türkmenistan
27.02.2010 18:39
+0 / -0
Türkmen Oglunyn aydyan zatlaryna Türkmen Yaşlary bolup bizem goşulyas. 18-indaki WATAN habarlaryny görüp Myrat Garriyewin yerine özümiz utandyk. 70-i geçen yaşuly beydip kiçelip, yallakylap bolmajyn bolup dur. Türkmenin abrayyny, mertebesini nol edip goyyar. Aydyan zatlaram yalan-yaşryk, biderek zatlar. Adam bir utanar-a, hali görsen biz yaly agtygy zady bardyr. Olar yaly adamlara Türkmençilikde name diyilyar, bilyanizmi? Ak girse-de an girmedik - diyilyar ona yaly adamlara Türkmençilikde.

kimden: Magtymguly
27.02.2010 18:52
+0 / -0
Asyl möhim zat Berdimuhammedowyn- Türkmenistanyn Liderinin özüni alyp baryşy. 18-indaki Maslahatda yere seredip yylgyran bolup dur. Yaranjanlaryn öwgüli we boş sözleri Yaşulyn hoşuna gidyar, göwnünden turyar. Şon üçin aydylyan zatlary sesini çykar-man kabul edyar, özüni şolduryn öydyar. Önki-ha meni öwman zat diyen bolyady, biy-a onam ozdurdy öwman zadam diyenok. Göwni bir yaly, arkayin. Gaytam özüni öwyanlere sowgatjyk, zat beren bolyar. Bizem name Türkmen halky bolup bolup geçyan zatlary spektakl oyun gören yaly göryas, aglajagymyzam bilemzok, güljegimizem. Beyle yaranjanlyga we peslige dine telpek goyyas, özem hakyky Türkmen telpegi, silme telpek...

kimden: Galtaman nireden: Mary
03.03.2010 17:08
+0 / -0
Birinjiden komentariyalary okap gaty begenyan Hudaya shukur turkmen oglanlarymyz-gyzlarymyz yetiship gelyar. Men ynanyan Alla yol berse hemme zadyn duzelmegine az vagt galdy. Ikinjiden ildeshler bir zatdan gaty arkayyn bolun. Edil shu vagtam bu adamlara halkymyz toyda-sadakada orun berenok. Bu adamlaryn ozlerem govy bilyar ozlerinin halk tarapyndan sylanmayanlygyny. Shonun uchinem toya-yasa gatnashyp bilenoklar. Bu suratdaky iki adamyn chepdakisini oz chagalaram sylanok.Muna bir sebap bar yone aydyp biljek dal. Maglumat berip (.........) oturmayyn ikisinem yakynyrakdan bilyan. Sagdaky oturana bolsa gozum bilen gordim (......).

kimden: ilogly nireden: Mary
04.03.2010 11:53
+0 / -0
Turkmening yek yigrenyani yallakylyk indi bolsa bu hasiyetler dowleting yokarky gatlagyndakylang sypaty bolup dur. Chaltrak sheyle adamlardan saplanyp turkmen halky uchin ishleyan yolbashchylar gerek. Dashary yurtda okap gelen yashlara yol bermeli. Kone dushunjelerden saplanmaly.