Diňle

Häzir efire gidýär

Hepdä syn

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3051
EUR / 
RUB
0,0252
RUB / 
USD
30,3

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Syýasat

ABŞ: Türkmenistan awtoritar döwlet

13.03.2010

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet býurosynyň 11-nji martda ýaýradan ýyllyk hasabatynda 2009-njy ýylda Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly ýagdaýa baha berilýär.

Konstitusiýa ýurduň dünýewi demokratik döwletdigini ykrar edýän hem bolsa, çak bilen bäş million ilatly Türkmenistan awtoritar döwlet diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet býurosynyň 11-nji hasabatynda aýdylýar.

Ynsan hukuklarynyň 2009-njy ýyl boýunça ýagdaýyna bagyşlanan hasabatyň Türkmenistana degişli böleginde bellenişine görä, 2007-nji ýylda ýurduň ýeke-täk syýasy partiýasy bolan “Demokratik partiýadan” alty kandidatyň gatnaşmagynda geçirilen prezidentlik saýlwlary halkara standartlaryna laýyk geçirilmändi, 2008-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlary hem demokratik kadalara laýyk däldi.

Özgerişler we eden-etdilikler

Ýurduň käbir ugurlarynda käbir özgerişler bar hem bolsa, hökümet eden-etdilikli hereketlerini dowam etdirdi diýip, hasabatda bellenýär. Hasabata görä, ynsan hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlygyna galdy, häkimiýetler syýasy we graždan azatlyklaryny çäklendirýärler.

Adam hukuklaryna degişli problemalar raýatlaryň hökümeti üýtgetmäge ukypsyzlygyna, tussaglaryň erbet garaýyşlara we gynamalara sezewar edilmegine, olaryň uzak wagtlap daşky dünýä bile gatnaşykdan üzňelikde saklanmagyna, açyk we adalatly sud edilmek mümkinçiliginden mahrum bolmagyna degişli.

Şeýle-de graždanlaryň hususy durmuşyna goşulmak, öýüni dökmek, hat alşygyny barlamak, söz, bileleşmek, birleşikleri döretmek azatlygyny çäklendirmek, din azatlygyna basyş etmek, dini toparlaryň agzalaryny yzarlamak, käbir raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendirmek, şol sanda daşary ýurtlarda okamak islän ýaşlara päsgelçilik döretmek ýaly problemalaryň Türkmenistanda dowam edýänligi ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2009-njy ýyl boýunça adam hukuklaryna degişli hasabatynda bellenilýär.

Syýasy tussaglaryň ykbaly

Hasabatda syýasy tussaglar meselesi bilen baglylykda 2009-njy ýylyň 2-nji maýynda türkmen hökümetiniň döwlete garşy jenaýatçylyklarda aýyplanyp 1995-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanan Muhammetguly Aýmyradowy boşadanlygy bellenilýär. Şol bir wagatda-da 2008-nji ýylda Türkmenistana baryp, tussag edilen graždan aktiwisti we öňki syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň ykbaly barada habar berilmeýänligi aýdylýar.

2006-njy ýylda tussag edilen žurnalist Annagurban Amangylyjowyň we graždan aktiwisti Sapardurdy Hajyýewiň ykbaly, çylşyrymly şertlerde türmede ýogalan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň işi barada türkmen häkimiýetleriniň dymýanlygy hasabatda bellenilýär.

2002-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp tussag edilenleriň ykbalyna oppozision toparlar we ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan aladalanma bildirilýän hem bolsa, bu tussaglaryň köspüsiniň ykbaly hem näbelliligine galýar. Bu Türkmenistanyň ÝHHG-däki öňki ilçisi Batyr Berdiýewe hem degişli.
Hasabat ABŞ-nyň ol ýa beýleki ýurt babatynda diplomatik, ykdysady hem strategik syýasatyna esas döredýär.


Türmelerdäki şertleriň hem agyrlygyna, tussaghanalarda saklanylýanlaryň san taýdan köplügi, hapaçylyk, tussaglar üçin bar bolan howplar, şeýle şertlerde tussaglaryň ýogalýanlygy bilen bagly problemalara ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet býurosynyň 11-nji martda ýaýradan hasabatynda üns berilýär.

Ýyllyk hasabatyň ýaýradylmagy bilen baglylykda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň eden çykyşynda aýdylyşyna görä, hasabat dünýäniň dürli regionlarynda ynsan hukuklarynyň ýerine ýetirilişine baha bermek üçin ölçeg bolup durýar we ABŞ-nyň ol ýa beýleki ýurt babatynda diplomatik, ykdysady hem strategik syýasatyna esas döredýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň sözlerine görä, ynsan hukuklary boýunça hasabat ýurt üçin syýasy görkezme bolup hyzmat etmeýän hem bolsa, onuň ABŞ-nyň hökümeti üçin uly ähmiýeti bar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: aman nireden: ewropa
13.03.2010 06:04
Tüweleme Tüweleme 19 yil aradan son Türkmenistanyn awtoritar döwlet boldygyny gördi ABS. Indi näme Owganystana, Iraga getirilen( ! ) Demokratiyani Türkmenistana-da getirjek bolyarlarmy?Yakynda Türkmenistanly akgalar bütin gazymyzy-nebitimizi Hytay ve Orsyet arasynda paylar,biderek alada galma.Gaz-nebitimiz gutarsyn öz -özinden geliberer Demokratiya .
Muňa jogap

kimden: Reis
13.03.2010 13:29
Turkmenin gazyny amerika name etsin? Atlantik okeandan turba gecmejega belli...Yene bir zat, aman 19 yyl aradan son dal, bu hasabat 11 yyl bari cykyar diyip yazylan.
Muňa jogap

kimden: aman nireden: ewropa
13.03.2010 18:10
nebit ve gaz dine turba b-n transport edilmeyär!eger Hich ichini gyssyrma,sen yali adamlary boldugy möchletche,tiz geler Demokratiya

kimden: Çerkez
13.03.2010 13:57
Gözel Hudaýberdiýewa gowy gepleşik taýýarlady. Ýone tekstiň deň ýartysyny redaktor (?) internet saýta goýmandyr. Meselem: mende mikrofon ýok, ýada işlemedi - diýmek men habar almak hakymdan mahrum boldummy? Doly teksti goýmak haýýş b/n, Çerkez.
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
13.03.2010 17:42
Web sahypada çap edilýän habarlaryň hem-de makalalaryň göwrümi we düzümi radioda efire gidýän görnüşlerinden kiçi hem bolup biler, uly hem bolup biler, deň hem bolup biler. Muny ilki başda redaktor däl-de awtoryň özi kesgitleýär. Belligiňiz üçin minnetdar.
Muňa jogap

kimden: Watancy
13.03.2010 18:08
Redaktor aga salam, gowdura? Jogap bereňde sheyle diyjek boldun oydyan "-Menin kesenimi tochna bilyanmi brat? Kesayemde-de goshulma, ozum jogap beryan!" ha?

Yashuly, ondan mundan her niyet bilen durten kan bolar, bilenini et. Her yazylan zada jogap berjek bolsan beter ederler, ol yazan gowy niyet bilen soran bolmagam mumkin, yone gowy tayyarlady diyip baha beryan bolsa, diymek doly dinlapdir, dine sana yrsarayar doly tekst goy diyip. :)))))

kimden: Serdar
13.03.2010 19:57
watancu-dusunmedik bolsan gosulma.
Cerkez goni sorayar:"name ucin meni 50 % maglumatdan almak hakymdan mahrum etdiniz?" Sol soraga redaktor jogap berdi.

kimden: gena nireden: tanzaniyai
14.03.2010 20:37
Men amerikany hem halayan hem yigrenyan, halayanyma olar demokratiyalashtyrjak bolyar osup baryan yurtlary, yigrenyan tarapynam olar oz missiyasy bar, yagny dunyani basyp almak, hemme taraplayin: ursham bolup biler, media taraptan, iki ya kop yurtlary biri biri bilen tersleshtirmek usulaynam ulanyarlar. Olar dunyade taze din ve taze dunya doretjek bolyarlar we oz dinini hemmelere boyun egdirjek bolyarlar. Bu zatlaryn hemmesi menin oz pikirim we kabir zatlary internetten ve yakyn adamlardan ogrendim.

kimden: Ayhan nireden: Türkmen Dünyasi
15.03.2010 18:44
Bu problemalar Türkmenistanda haçan çözülerka? Ya şol durşuna biderek sistema dowam edip gidermika? Esasanam adam haklary, demokrasiya, söz we metbugat azatlygy yaly meseleler haçan çözülerka? Ya şol eden-etdilikler, diktatorlyk we awtoritar çüyrük rejim mundan beylagem halky ezip gezermika? Haçan Türkmen halkynyn adam yaljak hemme hak-hukuklarynyn üpjün edilyan Adalatly bir Kanun we Hukuk Döwleti bolarkak? Haçan kagyz yüzünde dal-de iş yüzünde, sözün doly manysynda Demokratiki Dünyewi Hukuk we Kanun Döwleti bolarkak, haçan, doganlar, haçan? Berdimuhammedow we yallakylar, yaranjanlar we göteryan adamlar bu çüyrük sistemanyn düzelmegi üçin name edyarler? Ya demokrasiya we adam haklary yaly meselelerin namedigine-de düşünenoklarmyka? Ya A harpyna şermendemika hemmesi?
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS