Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:59

Halkara

ABŞ: Uruş barýan ýerlerde parahat ilat kösenýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň adam hukuklary baradaky ýyllyk hasabatynda dünýäde barýan otuzdan ýokary uruş we ýaragly çaknyşygyň adam hukuklarynyň bozulmagyny güýçlendirýänligi aýdylýar.

Multimedia

Audio
Podcast
Ýazyl"Google" okaýjy
Tekstiň ululygy - +
Hasabatda adam hukuklarynyň dürli ýurtlardaky ýagdaýy Birleşen Ştatlaryň dost ýa duşmany diýilmän, deň tankytlanýar ýa taryplanýar.

Döwlet sekretary Hillary Klintonyň aýtmagyna görä, hasabat dürli regionlarda adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişine baha bermäge ABŞ üçin bir ölçeg bolup durýar.

“Şu gün neşir edilen hasabatlar biziň nirededigimiziň ýazgysy bolup durýar. Ol ýazgylarda öňümizdäki ýyllarda Birleşen Ştatlaryň beýleki ýurtlar baradaky diplomatik, ykdysady we strategik syýasatyny emele getirjek fakt esaslary berilýär” diýip, Klinton aýtdy.

Klintonyň aýtmagyna görä, ol raportlar bu syýasatlary suratlandyrmak üçin niýetlenilenok. “Ýöne Amerikan hökümetinde bu ugurda işleýän adamlary zerur maglumatlar bilen üpjün edýär”.

Klintonyň garaýşyça, bu maglumatlar bolan öňegidişlikleri ölçemäge, problemanyň şindi-de bar ýerlerini kesgitlemäge aktiwistler we hökümetler üçin bir gural: “Bu hasabatlar dünýäniň dürli jemgyýetlerinde batyrgaý göreşip, adam hukuklaryny goraýan aktiwistlere, bu hukuklaryň bozulan halatlaryny dokumentirleýän žurnalistler we alymlar üçin zerur gural bolup durýar”.

Uruş barýan ýerler

Hasabatda aýdylmagyna görä, 2009-njy ýylda parahat ilatyň adam hukuklarynyň bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýerleri, aýratyn-da ýaragly çaknyşyk we uruş barýan ýerleri.

Öten ýyl ýurtda ýüz beren gazaply hereketlerden iň agyr ejir çeken Owganystanyň parahat ilaty. Hökümet oba ýerlerinde ýaşaýan adamlary ýeterlik gorap bilenok.

Hasabatda Yrakda ýedi ýyla çeken uruş bilen baglanyşykly hökümetiň ýa onuň organlarynyň ençeme adamlary bikanun ýä ýersiz-ýere öldürenligi aýdylýar.

“Öten birnäçe ýyllykda hökümete degişli däl guramalaryň, adam hukuklary we beýleki guramalaryň üstünden çäklendirme girizen ýurtlaryň sany 25-den az däl” diýip, Döwlet sekratarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet baradaky kömekçisi Maikel Posner
aýtdy.

Eýran, Özbegistan we Hytaý

Hasabatda Eýranda adam hukuklarynyň ozal hem öwerlik däl ýagdaýynyň jedelli iýun saýlawlaryndan soň has hem ýaramazlaşandygy bellenilýär.

Birleşen Ştatlar mediany berk gysyp, hökümete tankydy garaýan neşirlere ýol bermeýänligi üçin özbek hökümetini-de tankytlaýar.

Hytaýda hem azlyklaryň, il bähbidi üçin göreşýän adwokatlaryň, şeýle hem häkimiýetler bilen pikirdeş hasaplanmaýan adamlaryň hukuklarynyň depgilenýänligi aýdylýar. Hasabatda: “Hökümetiň aýratyn-da uýgurlardyr tibetlilere görkezýän gysyşy uzak möhletli türme tussaglygyna, adamlaryň urlup-ýenjilip, gynalmagyna, eden-etdilik bilen tutulmagyna, olara ölüm jezasynyň berilmegine ýol açdy” diýilär.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: aman nireden: ewropa
14.03.2010 16:20
+0 / -0
sheyle mi? bu kösenmelerde ABS kömegi yokmy? Urusha bashlan wagty bu halklara demokratiya,maddi eshret yaly sözler berilipdi,indi näme boldy?
ABS b.n diktatorlar arasynda 2 menzeshlik bar: 1. Ikiyüzlülük. 2. Yalanchylyk.

kimden: aman nireden: ewropa
14.03.2010 16:43
+0 / -0
Hormatly Azatlyk.bu temadan menin teswirimi cykarmadynyz. (..............)
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
14.03.2010 17:03
+0 / -0
Hormatly okyjy! Indiki gezek teswir ýazanyňyzda pikirleriňiz gözden geçirilýänçä sabyrly bolmagyňyzy haýyş edýäris.
Muňa jogap

kimden: aman nireden: ewropa
14.03.2010 22:21
+0 / -0
yoldash redkator mening sabyrsyzlygymy bagyshlan...
Muňa jogap

kimden: Ewropa dal nireden: Yewropa
14.03.2010 17:20
+0 / -0
(.......) - yerinde name yazdynay aman, kime sogdun? Senem syn edip otursam hemme kisha gargynyp cykdyn welin, adam goymadynla how brat. :D. Cykysh edyanlere, hokumete, oppozisiya, dashary yurtlara, radionyn ozune. Sho nokatly yerde azatlyga bir zat diyen yaly bolup dur cakym dogry bolsa, moderator dost goyup bolanokmay?
Muňa jogap

kimden: aman nireden: ewropa
14.03.2010 22:17
+0 / -0
diymek menin sözlerim senin yanlyhslaryny sana düshündüryär. Diymek ynsap diylen zat az hem bolsa galypdyr. ve men shu yere näme yazsam sana soramaryn.men yazaryn redaktor islese goyar islese goymaz.emma sen yalylara bu yerde söz hem düshmez...(...........)
Muňa jogap

kimden: ahmet nireden: usa
14.03.2010 22:28
+0 / -0
Yol(y)dash Yewropaly.Bu yazilish haysi yurtda yashadygnya ve haysy dilde yazyshyna bagly. Aman dine Niyazowun ve onun sistemasynyn yallaklaryna göwnüne deger.(................)

kimden: Melegoz nireden: Bolgariya
14.03.2010 17:42
+0 / -0
Menince, urush baryan yerde hic hacan asudalyk bolmaz konecno, yone grajdan ilata yetyan zyyan peseldilip bilner. Kabir yerlerdede urush bilen edaymesen, meselani bashga hili cozup bolanok. Mysal ucin yrakda Saddamy sheydip ayyraymasan, halys depa cykdy-da. Halka, kurtlere garshy edenini edip....Owganystandaky Talibany bolsa sheydip pytradaymasan olar gonshysyndaky ulkelere, yani Tajigistan, Turkmenistana-da gowulyk getirmezdi, getirmedem, bizin yurtdaky norkomanlygyny duybi geroinde, ony bolsa Talibanlar sowda edyardi. Hazirem adamlary prowokasiya etjek bolup, cagalary ozleri olduryaler Talibanlar, aradamy namemi okuwa baryan gyzlaryn ustunden asid guydular, gyzlara okuw haram diyip, beylede bir haramzadalyk bolarmy? Mena hic hacan sholaryn tarapyny calmayan, calyanlara-da goshulmayan. yarag bolmasa olary cokerip hem bolanok.