Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Kommentariý

Süýji rowaýatlar hem ajy hakykat

14.03.2010

Taryhy faktlar bilen mifleriň, hyýalbent hekaýatlaryň arasynda köplenç ýer bilen gök ýaly tapawut bolýar. Emma muňa garamazdan, olaryň ikisi-de adam aňyna täsir ýetirýärler.

Ýöne bu taýda bir kanunalaýyklyk bar: jemgyýet näçe yzagalak bolsa, adamlar şonça-da miflere, rowaýatlara köp ýykgyn edýärler. Tersine, adamlaryň aňy näçe ösen, bilim derejesi näçe ýokary bolsa, mifleriň, rowaýatlaryň adam aňyna, dünýägaraýşyna edýän täsiri şonça-da gowşaýar. Ösen jemgyýetde adamlar taryhy faktlary, anyk sanlary, hasaplamalary, analitik netijeleri öwrenýärler we durmuşda şolardan ugur alýarlar.

Bu mesele bilen baglanyşykly alanyňda, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ýagdaýy nähili? Öz halkyňy gözüň göreji ýaly görseňem, eger aýagyňy ýerden üzmeseň, oňa ösen jemgyýet diýmek kyn. Sebäbi türkmen jemgyýeti anyk taryhy sebäplere görä, tas ähli ugurlardan diýen ýaly döwrebap ösüşden örän yza galdy.

Syýasy-ykdysady yzagalaklyk öz gezeginde türkmen jemgyýetini döwrap tehnologik ösüşdenem yzda goýdy. Türkmenler döwrüň iň progressiw, öňdebaryjy açyşy bolan kompýuter tehnologiýasyny, internet aragatnaşygyny-da ilden ençeme ýyl soň, diňe XXI asyryň birinji onýyllygynyň ahyrynda örän çäkli möçberde özleşdirmäge mümkinçilik aldylar.

SSSR ýykylansoň, Türkmenistanda emele gelen başistik diktatura boş takal bilen halkyň elinden 20 ýylyny aldy. Döwrebap jemgyýetlere mahsus tehnologik ösüşiň diňe ýaňy çetinden giren, ilatynyň diňe örän ujypsyz bölegi ýokary bilimli, döwrüň ähli ylmy gözleglerinden, açyşlaryndan bihabar jemgyýetiň häzirki zaman şertlerinde öz başyny çaramagy, milli özbaşdaklygyny saklap bilmegi mümkinmi? Bu ýagdaýda milli garaşsyzlyk diňe nominal gymmatlyga öwrülmezmi? Eger öz döwletini dolandyrmaga gatnaşdyrylmasa, halkyň öz tebigy baýlyklaryna erki ýetmese, onda onuň milli garaşsyzlygy nämeden ybarat? Beýle garaşsyzlyk diňe adaty formallyk dälmidir? Iş ýüzünde Türkmenistan häzir kolonializmiň täze görnüşine uçramadymy?

Faktlar ýa-da bedroý mif

Hakykatdan daş düşmezden, bu soraga ”ýok” diýmek kyn. Faktlar inkär ederden köp. Bu tragiki petikden iru-giç baş alyp çykyljak bolsa, milleti çökeren sebäpler düýpli analiz edilmeli. Neogulçulykdan başyňy gutarmak aňsat wezipe däl. Garaşsyzlyk döwründe düşülen syýasy-ykdysady, sosial-medeni ýagdaý düýpli hem töwrekleýin analiz edilse hem-de emele gelen ýagdaýdan baş alyp çykmagyň çäreleri tapylsa, belki-de bu türkmenleri abanyp gelýän milli derbi-dagynçylykdan, milli ejizlikden halas edip bilerdi. Öz geljegimiziň hatyrasyna bize dürli miflerden halas bolmak hem zerur. Garaşsyzlyk ýyllaryndaky agyr syýasy-ykdysady, sosial ýagdaý döwrebap mifleriň birnäçesini döretdi. Şolaryň iň howplularynyň biri-de türkmenler üçin kolonializmiň, gulçulygyň erkinlikden gowudygy hakyndaky bedroý mifdir.

Bu mife görä, sowet döwründe Türkmenistanda ösen jemgyýet bolanmyş, garaşsyzlyk bolsa ol ösen jemgyýetiň ýok bolmagyna getirenmiş. Emma bu rowaýata uýýanlar iň esasy hakykaty – SSSR ýykylansoň Türkmenistanda emele gelen başizmiň öz köklerini hut kolonializm döwründen alyp gaýdýanlygyny unudýarlar. Garaşsyzlygy gulçulyga öwren S.Nyýazow sowet häkimiýetiniň ýetişdiren syýasatçysy, onuň garşysyna durup bilmedik jemgyýet hem hut sowet kolonializminiň apologetleriniň öwüp, arşa çykarýan türkmen-sowet jemgyýeti!

Eger-de häzirki hyýalbent hekaýatlarda suratlandyrylyşy ýaly türkmen-sowet jemgyýeti ylymly-bilimli, tehnologik taýdan ösen jemgyýet bolan bolsady, onda bir çalasowat despot ol jemgyýeti kül edip, ylymly-bilimli adamlaryň millionlarçasyny lepbeýçi gullara öwrüp bilmezdi. Sebäbi bu prinsipde mümkin däl. Eger-de bu gabahat iş bir diýdimzor diktatora we onuň töweregindäki oýnam sany ýaranjaňa hem bäş-üç sany kese ýerli hakynatutma başardan bolsa, onda öwgüli türkmen-sowet jemgyýetiniň ozalynda içinden çüýrändigini, ol jemgyýetiň progressiw böleginiň, şol sanda ylymly-bilimli, düşünjeli gatlagynyň hem edil gaýmak ýaly ýuka bolanlygyny we ol naşyja gatlagyň ilkinji öwsen yzgytsyz şemala döz gelip bilmän, pytrap gidendigini boýun almakdan başga çäre galmaýar.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Ayhan nireden: Maru-Şahu-Jahan
15.03.2010 19:31
+0 / -0
Ak Welsapar öran hak aydyar. Türkmen halky esasanam sonky 20 yylyn dowamynda gaty göydük, bişmedik we zat görmedik edip yetişdirildi. Köp-köp tanryyalkasyn Niyazow-Türkmenbaşy diyilyan despot, diktator we şöhratparaz adam gelejek nesillere yzagalak, passiw we ösmedik Türkmenistany goyup gitdi. Türkmen halkynyn ylym-bilim we dünyagaryyş derejesini nola den edip gitdi. Ol diktator akylly adamlary islanokdy olary yoklayardy, derrew yok edyardi, Türkmen halkynyn hemme zada kayyl goyun yaly göydük bolmagyny isleyardi. İndi dine özüni bilyan ol adamyn goyweren yalnyşlary yuwaş-yuwaş düzeldiljek bolyar Yöne hazirem gynansagam Ak Welsaparyn aydyşy yaly Türkmenistany diydimzor diktator, 3-5 sany yaranjan we (...........) Hramow, Zadan, Umnow, Garriyew, Musayew, Sopiyew dagylar dolandyryp otyr. Prezidentem hemmesem şolaryn elinde oyunjak. Halkyn haklaryny we tebigy baylyklaryna eye bolup otyrlar. Türkmen halkynyn bolsun ne haky bar ne hukugy ne-de onyn eşretli durmuşy üçin alada edilyar. Onsonam gije-gündüz Döwlet aadm üçin diyip zorladyp otyrlar. Magtymguly atamyz aydypdyr-a: Akmak sürer dörany akyl onyn hayrany... Türkmen halky bolsa hemme zady görüp baha berip otyr. Ol bir gün çynyny etse Onyn önünde hiç kim durubilmeyar. Türkmen hakynam-hukugynam, talap eder demokrasiya-da bolar yurdumyzam öser. , Prezidentem düşüner-da muna bir wagt akylly-başly adam bolsa... AYHAN. MARY.
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
16.03.2010 14:32
+0 / -0
Oll Sopiyevler, Garriyewlerem sholaryn krugyndamy? Musayew kim bolyar?
Muňa jogap

kimden: Ayhan
16.03.2010 19:22
+0 / -0
Edil olaryn krugundamy onçasyn-a biljek dal welin Sopiyewler, Garriyewler, we Onjuk Musayew indi-ha yok Şol krugyn Türkmen tarapyny emele getiryar. Özlerem 18-nji fewraldaky Garriyewin bolşy yaly Türkmen Mejilisine haybat atyp, gorkuzyp, diyeinin etdirjek bolup -Prezidenti Gahryman yglan edin diyyar -Yaranjanlygyn, götemegin we yallakylygyn taysyz nusgasyny görkezyan hazirkizaman döwrebap we sawramenniy Mahmyt Yalawaçlar -Seljukly Türkmenlerinin Döwletinde wezir bolup işlan adam - şol krugyn Türkmen bölegini Türkmen tarapyny Türkmen hakyna tutmalary emele getiryaler... Gynansagam yagdaya şon yaly Gena dost...
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
17.03.2010 03:30
+0 / -0
Onda Hramov umnov we zhadan olaryn kentleri bolyada haa?
Muňa jogap

kimden: Ayhan
17.03.2010 19:14
+0 / -0
Edil özi şonyn yaly bolya. Kentleri bolya. Has dogrusy jan-jiger dostlary bolya...

kimden: Ayhan nireden: Mary
15.03.2010 20:15
+0 / -0
Ak Welsapar kese yerli hakyna tutma diyip yazanda bolya-da bize bolanokmy? Ya Sizin dünyagarayşynyza göra adam haklary we demokrasiya dine (.......) gelmişekler üçinmi? Beyle ikiyüzli halkara söz-metbiugat, adam haklary we pikir-düşünje standartlaryna men-a dogrusy gaty hayran galyan. Özem azartlyk radiosy. Onam Türkmern Gullugy. Birem gije-gündüz Türkmenistany adam haklary, söz metbugat azatlygy demokrasiya ösen jemgyyet sanzura aç-açanlyk açyklyk we erkinlik babatynda tankyt edip otyrsynyz. Diymek iş yüzünde dal-de dine sözde demokrat, dine söz bilen adam haklary we demokrasiya, boş sözler bilen goralyar we hakykatdanam islenmeyar eken-da. Birinji sapar dal özem, mundan önem eyleki oglanlara-da naçe sapar şun yaly biderek sanzura girizdiniz Adam yaljak düşündürişem berenizok. Dine şol bir zatlary aydyp otyrsynyz Ak Welsaparam yazypdyr şol kese yerli hakyna tutma gelmişek sözlerini Men-a hayrarn Bolanok hormatly Azatlyk düybünden bolanok...
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
15.03.2010 20:20
+0 / -0
Hormatly okyjy! Awtoryň kommentariýasynda şahslaryň adyna we milletine hüjüm edilmeýär. Teswirler belli bir adamyň ýa-da toparyň dini, etniki, jemgyýetçilik-ykdysady ýa-da medeni taýdan abraýyna şikes ýetirmeýän edep-ekramyň umumy standartlary esasynda alnyp barylmalydyr. Belligiňiz üçin minnetdar.

kimden: mert nireden: istanbul
17.03.2010 00:50
+0 / -0
Men shu yerde Ayhanyn name diyjek bolyanyna dusunemok. Ilki bilen ona bir kommentariya yazjak bolanda ilki pikirini jemlemegi aydasym gelyar. Bolmasa edyan gurrunlerin mundan urdum gylyjy arapda sanlar bir ujy diylenine menzeyar . Yazyjy Welsapar pikirlerini beyan edipdir. Yklalasmaya yerlerini bir, iki diyip aytsana. Bolmasa keseki keseki diyip yurege dusdun. Yada awtor bilen sahsy dusmancylygyn barmy?
Eger Azatlyk bolmasa halkyn oz yasayan yurdunda namelerin bolyanlygyndan habary beri bolarmydy? Ya senin aladan yurt halk dalde,oz ownujak maksatjyklarynmy? Yada senin yazyan zatlaryn anyrsynda ZAKAZNOY maksatlar yatyrmy? Umydym beyle daldir. Cunki kate mantykly gurrunlerin hem yok dal. Dowam et
Muňa jogap

kimden: Ayhan
17.03.2010 19:12
+0 / -0
Mana gönükdirilen ynsapsyz, yakişiksiz we haksyz tankyda JOWAP: İstanbuldan Mert menim yazyan teswirlerimi özüçe belli bir kategoriya goyan bolyar. Namemiş mantikli gürrünlerimem barmyşyn kate-kate. Dost sen Redaktormy ya Mantik Kesgitleyan Guramanyn başlygy zadymy? Gaty kyn bolaymasa saytda teswir yazyan oglanlaryn hemmesinin yorumlarindan logika-mantik gözlejek bolsan Dost? Geleli eyleki sowalyna. awtor bilen şahsy duşmançylygyn barmy? diyyarsin. Birinjiden-a çürt-kesik beyle zat yok, awtory gaty içgin tanamok yöne yazyan zatlaryny gaty gowy göryan, özünem yaman sylayan we gin-dünyagarayyşyna we intellektual düşünjesine gaty uly sarpam bar. Yaradilani severiz Yaradandan ötürü. - Beyik Türkmen Şahyry Yunus Emre. Yöne sen gaty gögele bolyarsyn öydyan Düşünmansin dost sen. Barde mesele awtor hakda dal-de sanzura barada gidyar. Onsonam Senin derdin il-yurt dal-de öz ownujak maksatlarynmy ya orsçlap ZAKAZNOY maksatlarmy diyen bolyasyn? Ony soramagam sana düşmandir Yöne İl-gün Yurt, Türkmen halky we Türkmenistanyn milli we umumy maksatlary menin ya senin şahsy bahbitlerin yanynda gürrünem yok Muny halkyny we Yurduny janyndan eziz söyyan birine soramagam dogrusy gaty utanç. Heyem bir damarynda Türkmen gany dolaşyan-aylanyan hakyky Türkmen öz şahsy bahbitlerini pikir edermi? Senin beyle orijinal we garip sorularina dogrusu men-a hayran Dost Saglygyn Üstünlikler Senem dowam et Dost Seninem dünyagarayşyna we düşünjene uly hormat goyyan Köpsalam bilen Ayhan.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil